Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa paýtagtyň çagalar sazçylyk toparlarynyň altysy we bir tans topary gatnaşyp, iň gowy çykyşlaryny tomaşaçylara hödürlediler.


Konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen birlikde daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri hem ýaňlandy.


Konserti Aşgabadyň 4-nji sazçylyk mekdebiniň «Saýrak bilbiller» hory Maýkl Jeksonyň «We are the world» aýdymy bilen açdy. Çagalaryň elinde «Parahatçylyk», «Çagalyk», «Dostluk», «Bagt» diýen ýazgyly şygarlar bardy, bu bolsa hory baýramçylyk ýörişine gatnaşýanlara meňzedýärdi. Bu toparyň çykyş eden wagty dürli reňkli şarlaryň uçurulmagy konserte tomaşa edýän çagalarda şatlyk döretdi.


Ýöriteleşdirilen 42-nji mekdebiň okuwçylary Uzeir Gajibekowyň «Arşyn mal alan» atly meşhur operettasyndan aşyklar Telli bilen Weliniň aýdymyndan bäş bölegi ýerine ýetirip tomaşaçylary begendirdiler.


Tatýana Zadorožnaýanyň «Enäniň ogly bilen söhbeti» Ýekaterina we Salyh Darçiýalaryň okamagynda ýürege ýakyn ýaňlandy. Ogly bilen enäniň arasyndaky söhbet çagasyna bolan çäksiz ene söýgüsini görkezdi. Ýaş kompozitor Tylla Şirowa goboýçy Eziz Garýagdyýewiň sazandarlygynda «Hasar dagy» we Magtymgulynyň goşgusyna «Mynajat» romansyny ýerine ýetirdi.


Konsertde Aşgabadyň 2-nji sazçylyk mekdebiniň «Ylham» dutarçylar ansamblynyň we Mukamlar köşgüniň «Arçabil» ansamblynyň joşgunly çykyşlary bilen birlikde A.S. Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy Şirin Jumaýewa Meri Poppinsiň keşbinde çykyş etdi, «Ekwatoryň» ýolagçysy» filminden «Kiçijik şazadanyň» aýdymyny şol mekdebiň okuwçysy Aýlar Sarkowa ýerine ýetirdi. Dawid Tuhmanowyň «Watanym» aýdymyny konserte gatnaşyjylaryň hemmesi ýerine ýetirdiler.



Konsert tomaşaçylara-da, sahnadakylara-da şatlyk paýlady.


