5-nji iýunda başlanýan «Uglewodorod ýataklary işlenende, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde ýola goýlan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanda syýasatyň we milli mümkinçiligiň ýaşyl energetika geçmek üçin taýýarlanylmagyna goldaw bermäge bagyşlandy.
Gepleşiklere halkara guramalaryň, döwlet edaralarynyň we bilermenler bileleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Ýaşyl energetika pudagy syýasatyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäre BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik sazlaýjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan ýola goýuldy.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Jalpa Ratna guramanyň «ýaşyl» energetika meselelerine garaýşy barada gürrüň berdi. BMGÖM-iň milli mümkinçiligiň ösüşi barada tutýan orny bilen BMGÖM-iň hemişelik wekiliniň orunbasary Tomitsa Paowiç tanyşdyrdy.
Howa syýasatyna milli çemeleşmeler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradowyň çykyşynda görkezildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gazyň ylmy-agtaryş institutynyň daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygy Muhammetberdi Bäşiýew «Türkmengazyň» metan zyňydylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygynyň netijeleri barada jikme-jik gürrüň berdi. Bu çekişmä ýurdumyzyň ýaşlarynyň wekili DÖM-iň ilçisi Gurbangül Sapargeldiýewa hem gatnaşdy.
Aýratynam, sorag-jogap mejlisi netijeli geçdi, onda maslahata gatnaşýanlar pikir alyşdylar we hyzmatdaşlygy ösdürmek barada degerli teklipler aýdyldy.