Ï Bilermenler Aşgabatda geçen TESC 2025 barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilermenler Aşgabatda geçen TESC 2025 barada

view-icon 1301
Bilermenler Aşgabatda geçen TESC 2025 barada

Kleýton Neş, “Tegre” kompaniýasynyň strategik ösüş boýunça müdiri: 

– Kuala Lumpurda geçen TEIF 2025 forumyna gatnaşanyma örän şat, çünki ol ýerde meni Aşgabatda geçýän şu halkara maslahata çagyrdylar. Biziň kompaniýamyz zyňyndylary azaltmakda ýöriteleşýär, şonuň üçin-de biz maslahatyň çäginde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak strategiýalaryny hem usullaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen aýratyn gyzyklanýarys. Türkmenistan bu ugurda ajaýyp görelde bolmak bilen, möhüm ösüş görkezýär, şonuň üçin-de biz siziň ýurduňyzda telekeçiligiň üstünlikli ösmegine umyt baglaýarys.

Jeýms Wiltşir, “GaffneyCline” kompaniýasynyň uly geňeşçisi:

– Emeli aňyň kömegi bilen taýyn känlerden uglewodorodlaryň çykarylyşyny artdyrmak boýunça sessiýany aýratyn möhüm hasapladym. EA-nyň orny barha ösýär we soňky ýyllaryň tehnologik täzelikleri kompaniýalaryň döredýän maglumatlarynyň mukdaryny ep-esli artdyrýar. Maglumatlaryň elýeterliligini ulanmak we kesgitlemek üçin tehniki tejribe zerur bolsa-da, bular bilen netijeli işlemäge hut EA mümkinçilik döreder. Bu sessiýadan gelip çykan esasy pikirleriň biri-de EA-nyň owaldan bar bolan iş ýerlerini çalşyp bilmezligi, tersine, bu pudakdaky hünärmenleriň mümkinçiliklerini giňeltjekdigi baradaky düşünjedir. Bu maslahata gatnaşýanym üçin diýseň begenýärin, sebäbi öňümizde möhüm bir maksadymyz bar diýip hasap edýärin.

Erik Liwni, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) hemişelik edarasynyň ýolbaşçysy:

– Bankçy hökmünde emeli aňyň häzirki wagtda hemme ýerde, şol sanda bank pudagynda-da durmuşa girýändigini ynam bilen aýdyp bilerin. Hakykatdanam, döwür bilen diňe senagatda deň gadam urmaly däl. Türkmenistanda, ilkinji nobatda, işe ekologiýa taýdan has arassa çemeleşmelere, zyňyndylary we ýitgileri azaltmaga köp ýykgyn edilýändigini görýäris. Meni gaty gyzyklandyrýan we belki, ara alyp maslahatlaşylmak üçin wagt tapyljak ikinji bir pursat tutuş dünýädäki nebit we gaz kompaniýalarynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda öňdebaryjy bolşuny görmekdir. Olar esasy işi bilen bir hatarda gaýtadan dikeldilýän energetikany-da ösdürýärler we bu ugurda öňdebaryjy bolýarlar.

“Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Energiýa Forumy” HJ, S&P Global Commodity Insights (Platts)-yň we “GaffneyCline” iňlis kompaniýalarynyň goldawy bilen Aşgabatda geçirilen TESC 2025 halkara maslahaty sebitiň we dünýäniň energiýa pudagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ol öňdebaryjy tejribe alyşmak, innowasion çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak we zyňyndylary azaltmak, nebit-gaz pudagynda emeli aňy ornaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin möhüm ýerlik bolup hyzmat edýär.