Nebit-gaz senagaty inženerleri jemgyýetiniň (SPE) gatnaşmagynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik Aşgabatda açylmaga taýynlanýan TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahatdan öňki gününiň gün tertibini dowam etdirdi.
Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temasy emeli aň (EA) arkaly gory ýetik ýataklarda uglewodorod önümçiligini ýokarlandyrmak boldy.

Çärä EA ulanyp, nebit we gaz önümçiligini amatlaşdyrmak boýunça öňdebaryjy çemeleşmeleri hödürleýän esasy hünärmenler gatnaşdy. SPE-niň Russiýa we Hazar Sebiti boýunça direktory Alekseý Borisenko sebitdäki nebit-gaz pudagynda emeli aňyň ulanylmagynyň geljegi barada pikirini aýtdy. “GaffneyCline Energy Advisory's-iň” uly geňeşçisi Jeýms Uiltşir önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin EA-nyň ulanylyşyna baha berdi.
“Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd” kompaniýasynyň uly petrofizigi Amirul Afik bin Ýakobyň çykyşy aýratyn gyzyklanma döretdi, ol kompaniýany özünde işlenilip taýýarlanylan «ERM AI» emeli aň ulanmakda kompaniýasynyň üstünlikli tejribesi barada gürrüň berdi. 2021-nji ýyldan bäri işlenip düzülýän bu gural eýýäm netijeliligini subut etdi we onuň geljekde ösüş üçin uly mümkinçilikleri bar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň wekilleri hem çekişmä uly goşant goşdular. Uly ylmy işgärler Tawus Saryýewa we Nabat Muhammedowa, şeýle hem barlaghananyň müdiri Aýjemal Ezizowa parnik gazlary we howanyň üýtgemegi, metanyň zyňyndylaryny ölçemegiň we gözegçilik etmegiň usullary, şeýle hem adam tarapyndan döredilen ýagdaýlaryň Merkezi Garagum gazly sebitiniň tebigy gaz serişdeleriniň ekologiýasyna täsirine bagyşlanan temalarda çykyş etdiler.

«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň baş geology Tatýana Kirpa ýetişen ýataklarda örtük sütünleriniň we sement guşaklarynyň bitewiligine baha bermek üçin karotaž maglumatlaryny intellketual seljermek temasyndan çykyş etdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby we SPE-nyň Aşgabatdaky talyplar bölüminiň başlygy Ilýa Lurýew çykyş edenleriň çykyşlarynyň jemini jemledi.
Halkara bilermenler bilen ýerli hünärmenleriň arasyndaky gepleşik Türkmenistanyň innowasiýalara we durnukly ösüşe ygrarlydygyny aýan görkezdi.