Ï Aşgabatda SPE-niň bölümine ýüz töweregi bilermen gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda SPE-niň bölümine ýüz töweregi bilermen gatnaşdy

view-icon 1123
Aşgabatda SPE-niň bölümine ýüz töweregi bilermen  gatnaşdy

«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda SPE-niň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebit direktory Alekseý Borisenko nebitçi inženerleri jemgyýetiniň (SPE) alyp barýan işleri barada çykyş etdi.

Ol nebit we gaz pudagy hünärmenleriniň bu halkara telekeçilik däl professional guramasynyň energiýa pudagynda ýüze çykýan ählumumy wehimleri çözmekde möhüm ornuny nygtady.

SPE tehnologiki ösüşe, işgärleriň hünäriniň ýokarlanmagyna we innowasiýalryň uýgunlaşmagyna ýardam edýär, şeýle hem nebit gözlemek we önümçilik, şol sanda baglanyşykly tehnologiýalar boýunça bilimleri toplamagy we ýaýratmagy esasy maksady hasaplaýar. SPE-niň bölümleri Moskwada, Dallasda, Hýustonda, Londonda, Dubaýda we Kuala-Lumpurda ýerleşýär.

Gurama maslahatlary we dürli çäreleri guramak arkaly bilim we tejribe alyşmak üçin katalizator hökmünde çykyş edýär. Ekologiýa meselelerine, şol sanda metanyň we kömürturşy gazynyň syzyşyny tutmak we ýüze çykarmak usullary, şeýle hem zyňyndylary azaltmak tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berilýär. Hünärmenler üçin sertifikasiýa maksatnamalary we we energiýa ulgamyndaky durnukly ösüş meselelerini öz içine alýan köp sanly neşirler we gözlegler ulgamy bar.

Aşgabatdaky SPE hünär bölüminde takmynan 50 adam bar, talyplar bölüminde 30-40 töweregi adam, olar bilelikde Türkmenistanda 100-e golaý işjeň SPE gatnaşyjy bar. Bu hünärmenlere we talyplara hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilim alyşmak, ählumumy başlangyçlara gatnaşmak we halkara energiýa pudagynda gymmatly baglanyşyklary döretmek üçin özboluşly mümkinçilikler berýär.

Alekseý Borisenkonyň belleýşi ýaly, TESC 2025 maslahaty aragatnaşyk üçin ajaýyp meýdança boldy. Çagyrylan taraplar Aşgabatdaky SPE hünär bölüminiň agzalarynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar bölüminiň wekilleriniň, şeýle hem ýakyn we uzak ýurtlardaky kärdeşleriniň öňünde çykyş etdiler.

Sebitde SPE-iň gatnaşmagyna garaşylýan esasy wakalaryň arasynda oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek nebit-gaz maslahaty we Bakuwda geçiriljek Hazar maslahaty bar. Bu çärelerde ýerli hünärmenleriň işleri bilen tanyşdyrylar.