Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň Astana sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň Astana sapary

view-icon 1885
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleriniň Astana sapary

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri döwlet pudagynda adam gorlaryny dolandyrmaga öňdebaryjy çemeleşmeleri ösdürmäge bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Astana (Gazagystan Respublikasy) iş sapary bilen gitdiler.

Her ýyl 23-nji iýunda bellenilýän Halkara döwlet gullugy gününiň öňüsyrasynda «GovHR: täze ulgamlar, häzirki zaman hyzmatlary, innowasiýa çözgütleri» forumy guraldy. 

Çäre döwlet dolandyryş ulgamynda işgärler işini özgertmeklige döwrebap tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak barada oňyn dialog üçin netijeli meýdança boldy. Tematiki pikir alyşmalarda foruma gatnaşyjylar döwlet HR-hyzmatlaryny kämilleşdirmek, intellektual çözgütleri ornaşdyrmak we adam gorlaryny dolandyrmagyň aýan, çeýe we durnukly ulgamyny döretmek üçin innowasiýalary alyşmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri şeýle çäreleriň özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we sanlylaşdyrmak şertlerinde döwlet işgärlerini taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek üçin möhümdigini bellediler.

Çäräniň jemleýji tapgyrynda foruma gatnaşyjylar geljekde işgärleri dolandyrmagyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň itegrasiýasy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar.