Ï 23-nji iýundan Aşgabatda 100, 97, 63 we 4-nji belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme giriziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

23-nji iýundan Aşgabatda 100, 97, 63 we 4-nji belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme giriziler

view-icon 940
23-nji iýundan Aşgabatda 100, 97, 63 we 4-nji belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme giriziler

2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan Aşgabatda dört ugurda hereket edýän awtobuslar täze ugurlar boýunça hereket ederler.

Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň beren habaryna görä, bu üýtgeşmeler tomusda paýtagtyň ilaty we myhmanlary üçin ulag hyzmatlaryny gowulandyrmaga niýetlenipdir.

«Teke bazary – Arkadag şäheri» aralygynda gatnaýan 100-nji belgili awtobus ugry tomus möwsüminde ýolagçylara «Janly tebigatyň milli muzeýine» päsgelçiliksiz baryp ýetmäge mümkinçilik berer ýaly üýtgediler.

Ozal «Büzmeýin – Täze zaman» ugry boýunça işleýän 97-nji belgili awtobus 27-nji iýundan ugruny üýtgeder. Indi awtobuslar «Büzmeýin» duralgasyna bararlar, ýollaryny dowam etdirmek üçin ýolagçylar ýoly Büzmeýinden Güneşe barýan 85-nji belgili we Büzmeýinden Köpugurly şypahana çenli barýan 86-njy belgili awtobusyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

«Teke bazary – Büzmeýin» aralygynda gatnaýan 63-nji belgili ugurda düýpli üýtgeşmeler bolar. «Bagyr – Büzmeýin» diýen täze ugruň açylmagyny göz öňünde tutup, bu belgili awtobuslar Gökje ýaşaýyş toplumyna barar we 7-nji iýuldan bu ugur «Büzmeýin – Bagyr» adyny alar.

«Arzuw – Ýalkym» aralygyna gatnaýan 4-nji belgili awtobus Güneş we A.Ataýew köçeleri bilen Gökje ýaşaýyş toplumyndan geçip, hereketini Gökje – Bagyr aýlawyndan gündogara tarap dowam etdirer.