Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Bangladeşiň Prezidentine ýollanan çakylyk haty Bangladeşiň Yslamabatdaky Ilçisine gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Bangladeşiň Prezidentine ýollanan çakylyk haty Bangladeşiň Yslamabatdaky Ilçisine gowşuryldy

view-icon 2687
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Bangladeşiň Prezidentine ýollanan çakylyk haty Bangladeşiň Yslamabatdaky Ilçisine gowşuryldy

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Bangladeş Halk Respublikasynyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow Bangladeşiň Ilçisi Ykbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda türkmen tarapy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Bangladeşiň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň adyna şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin iberen resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Ilçi Ykbal Huseýn Han çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, öz ýurdunyň durnukly ösüş we sebitleýin integrasiýa meseleleri boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky netijeli gepleşikleri işjeňleşdirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalarynyň subutnamasy boldy.