Ï Meşhur «Şasenem-Garyp» operasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur «Şasenem-Garyp» operasy

view-icon 4531
Meşhur «Şasenem-Garyp» operasy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda görkezilen «Şasenem-Garyp» operasy ady rowaýata öwrülen eserdigini ýene bir gezek subut etdi: ony wokal-saz sahnalaryna gatnaşyjylaryň hemmesi ajaýyp ýerine ýetirdiler.

«Şasenem-Garyp» operasy ajaýyp iki kompozitoryň – Daňatar Öwezowyň we Adrian Şapoşnikowyň döredijilik hyzmatdaşlygy netijesinde döredi. Olaryň biri halk wokal sungatynyň, beýlekisi – eseriň akademiki gurluşynyň ussadydy. Iki zehiniň bilelikdäki işi ajaýyp netije berdi.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda opera prelýudiýany ýerine ýetirdi, perde syrylyp, Şasenem we Garybyň beýleki talyplar bilen bile okaýan medresesi sahnada peýda boldy. Garaja Burunowyň librettosyna görä, şa bilen wezir çagalary dogulsa, olary birleşdirmek barada äht edýärler. Mundan habarly oglan bilen gyz çagalykdan bäri biri-birine aşyk boldular. Emma köp ýyl geçdi, wezir ölüp, onuň maşgalasy garyp düşdi, onsoň Şasenemiň kakasy ähdini ýuwudýar.

Iki aşygyň başyna düşen hupbatlaryň soňy gowulyk bilen gutarýar. Aýdymçylaryň wokalynyň ajaplygy diňleýjileriň göwnünden turdy. Oňa ussat aýdymçylar gatnaşdylar. Şasenemiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulýewa ýerine ýetirdi, ol ajaýyp owazy bilen diňleýjileri özüne maýyl etdi. Garybyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdi. Operanyň dowamynda tomaşaçylar ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdymlar üçin birnäçe gezek el çarpyşmalar bilen mübäreklediler.

Ezber Hojanyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garyagdyýew ýerine ýetirdi. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryndan patyşanyň keşbini ýerine ýetirmek üçin ýörite çagyrylan artist Didar Sarykowyň daýaw göwresi beýlekileriň arasynda saýlanyp durdy.

Opera tomaşaçylarda güýçli täsir galdyrdy. Hoşallygyň nyşany hökmünde tomaşaçylar operany döredenlere köp sanly gül desselerini gowşurdylar. Şunda üýtgeşik bir ýagdaý boldy: wokalçylar simfoniki orkestriň sazandalaryna özüne berlen gülleri berip başladylar, olar şeýtmek bilen operada sazyň aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini nygtadylar. Tomaşaçylar aýdymçylaryň bu üýtgeşik hereketini el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. 

Sahnanyň arka tarapynda dostlary, tanyşlary we kärdeşleri režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýnazar Batyrowy üstünligi bilen gutlaýardylar. Şu ajaýyp pursatda bagtyýar Aýnazar Batyrowa sowal berdim: 

– Bu siziň halaýan operaňyzmy? Aýnazar başyny atdy we: «Meniň ilkinji operam» — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. 

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärlerine hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe opera peşgeş etmek indi asylly däbe öwrüldi. Zalda ýekeje boş ýeriň galmanlygy aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň sungatyň bu görnüşiniň muşdagydygyny görkezdi.