Ï Türkmenistanyň we Maliniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Maliniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

view-icon 1815
Türkmenistanyň we Maliniň Daşary işler ministrleri telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdulaý Diopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-mali hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.