Ï Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 2102
Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Oliwýe Nduhungireheniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ynanyşmagy berkitmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna baha berdiler.