Ï Şypahananyň şypasy – sagdynlygyň sapasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şypahananyň şypasy – sagdynlygyň sapasy

view-icon 4373
Şypahananyň şypasy – sagdynlygyň sapasy

Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, dünýäniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, häzirki zaman binagärlik sungatynyň nazaryýeti siňen ajaýyp binalarda ýerleşýän ýurdumyzyň şypahanalar ulgamynyň biri – Lebap welaýatynyň çäginde, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän «Farap» şypahanasy ildeşlerimiziň zähmet rugsadyna çykýan tomus paslynda has-da köp adamly.

Jemi 250 orunlyk bu melhemler mekanyna gelýänleriň güler ýüz bilen mähirli garşy alynmagy, sagaldyş-bejeriş çäreleriniň ýokary derejede bolmagy, boş wagtyňy netijeli geçirmek, medeniýetli dynç almak üçin ähli şertleriň döredilmegi, naharhana we beýleki hyzmatlaryň göwnejaý ýola goýulmagy bu şypaly ýerde saglygyny berkidýän ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Şypahana anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümlerinden ybarat bolup, olaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Melhemler mekanynyň anyklaýyş bölümi endoskopiýa, rentgen, ultrases barlag, elektrokardiograf, kliniki-biologik barlaglar we beýleki döwrebap enjamlar bilen doly üpjün edilendir. Şypahananyň bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalama, iňňe bilen bejeriş hem-de bedenterbiýe otaglary bar. Şypahanada palçyk bilen bejerilýän otagyň bolmagy hem aýratyn bellärliklidir. Bulardan başga-da bu ýere saglyklaryny dikeltmäge we dynç almaga gelýän raýatlarymyz üçin göz, diş, gulak-burun-bokurdak, iç keselleri lukmançylyk otaglary hyzmat edýär.

Şypahananyň saglygyňy berkitmäge niýetlenen bedenterbiýe otagynda ýerleşdirilen häzirki zaman sport enjamlary hem bu ýere gelýänler tarapyndan uly isleg bilen peýdalanylýar. Şypahanada sagaldyş-bejeriş işleriniň tebigaty boýunça himiki elementlere baý bolan mineral suw bilen utgaşdyrylyp bejerilmegi bu şypahananyň aýratynlygydyr. Bu ýerde ýeriň aşagyndan çykýan suwuň düzüminde otuz ikiden gowrak himiki elementiň bardygy anyklanandyr.

Hünärmenleriň bellemeklerine görä, «Farap» şypahanasynda ulanylýan bejeriji suwuň himiki, fiziki düzümi dünýäniň meşhur şypahanalarynda peýdalanylýan mineral suwlaryňkydan pes däl. Bu bolsa bejeriş işleriniň netijeliligini artdyryp, melhemler mekanynda şypa tapýanlaryň sanynyň barha artmagyna getirýär. «Farap» şypahanasynyň melhem suwy 830 – 890 metr çemesi çuňlukdan öz gözbaşyny alýar we 39 gradus ýylylykda tebigy basyş bilen öz akymyna şypahana getirilýär.

Bejergi wannalarynda mineral suwuň temperaturasynyň 37 – 38 gradus ýylylykda saklanylmagy onuň düzüminiň ilki başdaky görnüşde saklanmagyny, diýmek, bejerijilik ukybynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde bejeriji tebigy suw bilen doldurylan 150 kub metr ýapyk suw howdanynyň hereket edýändigini hem ýatlap geçmek zerurdur. Şypahanada kükürtli wodorodly, ýod-bromly suwly otaglar, şeýle-de «Şarko» duşy, aýlawly duş, suw arkaly owkalama, şeýle-de ýöriteleşdirilen wannalaryň 18 sanysy bu ýere gelenlere hyzmat edýär. Şypahanada bejeriji mineral suw bilen birlikde, daýanç-hereket synalaryny, nerw, iýmit siňdiriş, ýürek-gan damar ulgamlaryny, aşgazan-içege, bagyr we öthaltanyň kesellerini, guragyry, deri kesellerini, aýallaryň synasynda döreýän näsazlyklary we başga-da birnäçe sökellikleri bejermek kämil lukmançylyk enjamlarynyň üsti bilen, ýagny ingalýasiýa, magnit terapiýasy, UWÇ, elektrofarez we beýleki usullar arkaly amala aşyrylýar. Bu ýere gelýänleriň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek üçin endoskopiýa, ultrases barlagy otaglarynyň, EKG enjamynyň, şeýle hem barlaghananyň hereket edýändigini-de bellemek möhümdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda melhemlik häsiýetleri beýan edilýän otlardan taýýarlanan şypa beriji çaýlary hödürleýän fitobar hem saglygyny berkidýän ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri. «Farap» şypahanasynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň, Farap şäher medeniýet merkeziniň döredijilik toparlarynyň yzygiderli bolup, şowhunly konsertler bilen çykyş etmegi, bu ýere gelýänleriň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrýar.