Ï «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hoş owazy Balkan topragyna ýaň saldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hoş owazy Balkan topragyna ýaň saldy

view-icon 5131
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hoş owazy Balkan topragyna ýaň saldy
camera-icon
Andreý Pakulow

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi geçen taryhy döwrüň içinde tomaşaçylaryň çäksiz söýgüsini gazandy. Abraýly bäsleşigiň Balkan welaýaty boýunça ýylyň-ýylyna guralýan tapgyry hem her gezek guwandyryjy netijelere beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony has-da kämilleşdirmek,şeýle-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler hem ýerine düşýär. Munuň hakykatdanam şeýledigine Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki seýilgähde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyram güwä geçdi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp dabaralarynyň, şanly wakalarynyň üstüni ýetiren abraýly bäsleşik zehinli höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýylsaýyn has-da köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk görnüşine beslenip, gijäni gündizlige öwürýän, dürli öwüşginli owadan yşyklar bilen bezelen merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyryna onuň etrap-şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 34 ýyllyk baýramynyň şanyna guralýan bäsleşik aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan ruhlanan höwesjeň aýdymçy ýaşlar bu aýdym-saz bäsleşigine has taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Olar bu ýerde tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde diňe bir türkmen mukamçy kompozitorlarynyň däl, eýsem, dünýäniň dost-doganlyk halklarynyň aýdymlaryny hem ussatlarça ýerine ýetirdiler. Şeýdibem, özleriniň köptaraplaýyn zehinlerini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açmagy başardylar. Şeýle bolansoň tomaşaçylarda unudylmajak täsirleri galdyran çykyşlar aýdym-saz muşdaklary tarapyndan dowamly, şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşlandy.

Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi hem talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda möhüm orun eýeledi. Çäksiz şatlyk-şowhunda geçen bäsleşigiň jemleýji pursatlary hasam gyzykly, tolgundyryjy boldy. Şeýlelikde, bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew, Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy Öwezmyrat Ataýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere ter gül desseleri, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täsirli, şowhunly geçen bäsleşik oňa gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy bilen jemlendi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne bolan egsilmez ýürek buýsanjynyň beýanyna öwrülen ajaýyp aýdym bagtyýarlygyň waspy bolup ýaňlandy.