Görnükli zergär Aýjemal Çaryýewa döredijilikli maşgalada dünýä indi. Onuň kakasy Daňatar Çaryýew teatr suratkeşi, ejesi Dürli Çaryýewa bolsa ökde keşdeçi we kädileri surat bilen bezeýji.
Mundan başga-da, gyzjagaz üçin iň oňat güýmenje zergär daýysy Amansähet Annaberdiýewiň ussahanasyna baryp görmekdi. Ol, aýratynam, gymmat bahaly daşlar bolan ýakutlar, hindi zümerretleri, topazlar bilen oýnamagy halaýardy. Käwagt daýysy Aýjemala dürli reňkli daşlary sowgat berýärdi, Aýjemal bolsa olary gutuda aýawly saklaýardy.

Aýjemal Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň surat bölümini tamamlady, ýöne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna okuwa girmeli bolanda, ejesi oňa resminamalaryny bezeg-amaly sungat fakultetiniň zergärçilik hünäri boýunça tabşyrmagy maslahat berdi.
Giriş synaglarynda Aýjemal kabul ediş toparyny guýrugy gülýakanyň aýlawyndan inýän symrug guşuň çyzgysy bilen geň galdyrdy. Ikinji okuw ýylynda ol Akpamygyň keşbini ýasanda monjuk düzümlerini ulandy, üçünji ýyl bolsa kowguçylaryň eline düşmezlik üçin, özlerini goýnuna almagy haýyş edip, daga ýalbaran gyzlar baradaky «Kyrk gyz» rowaýaty boýunça kompozisiýa döredip, gülýaka ýasady.

Aýjemal akademiýada okaýarka, özüni zenan mowzugynyň çekýändigine düşünýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol milli sazyň, esasanam, Jepbar Hansähedowyň gaýtalanmajak uslybynyň özüne ylham berýändigini duýýar. Aýjemal onuň sazlaryny diňläninde, aňynda kümüş kompozisiýa ümzük atýan keşpler döreýär.
Aýjemal Çaryýewanyň önümlerine mahsus aýratynlyklar keşbe lirika goşýan endigan, süýnmek çyzyklardyr. Aýjemal Çaryýewanyň awtorlygyny takyk görkezýän başga bir zat kümüş simden örülen zenan saçy görnüşindäki dokmadyr. Bu zynat häsiýetli aýratynlyk islendik zergär önümini ajaýyp suratda bezeýär. Elbetde, Aýjemalyň işleriniň esasy aýratynlygy mowzukdyr – onuň işleriniň köpüsinde rowaýatlaryň gahrymanlary bar.

Adamsynyň söýgüsine gaýtadan mynasyp bolmak üçin, kerwensaraýyň gurluşygyna başlan Daýa hatyn baradaky rowaýat esasynda döredilen «Daýahatyn» kompozisiýasy aýrybaşga täsir galdyrýar. Aýjemal boýunbagyny inedördül görnüşde ýasapdyr, şu inedördülden-de adamsyny garşy almak üçin, bir zenan buýsanç bilen çykýar. Boýunbagyny bezeýän daş bolsa hakyk daşydyr. Onuň inedördül görnüşi we gyzylymtyl-goňur reňki bişen kerpiji ýatladýar. Aýjemal Çaryýewanyň döreden ähli zatlary ýaly, bu eser-de inçeligi bilen haýran galdyrýar.
Häzirki zaman türkmen zergärlerine gadymy halypalardan baý miras galypdyr. Olaryň köpüsi toý dessury bilen baglanyşykly. Her maşgaladaky şaý-sepler nesilden-nesle geçip gelýär. Aýjemal durmuşa çykanda, kürtesini ejesi tikdi, ähli şaý-sep toplumy bolsa – gelniň öz el işi. Indi Aýjemalyň Mähriban atly gyzjagazy bar, ol hem ejesiniň çagalykda bolşy ýaly, gymmat bahaly daşlary saýlamagy gowy görýär, özem olary bezeg daşlarynyň arasyndan ýalňyşman saýlaýar.
2013-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň, zehinli talyba akademiýada mugallymlyk wezipesi teklip edildi. Şu güne çenli Aýjemal Çaryýewa zergärleriň iki tapgyryny taýýarlady. «Örän zehinli talyplar bar, – diýip, Aýjemal Daňatarowna gürrüň berýär. – Aýratynam gyzlaryň arasynda. Zergär zenan gaty duýgur bolýar, ol has mylaýym we has inçeden yzarlaýar».
Aýjemal Çaryýewa işlerini akademiýanyň galereýasynda we Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde bolýan toparlaýyn sergilerde ýygy-ýygydan görkezýär. 2011-nji ýylda Aýjemal Çaryýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji boldy, 2016-njy ýylda «Ýaşlar baýragyny» aldy. 2019-njy ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergide at esbaplary üçin baýraga mynasyp boldy.

Aýjemalyň işleri daşary ýurtlarda-da tanalýar. Ol 2018-nji ýylda Tula (Russiýa) şäherinde geçirilen GDA ýurtlarynyň ýaş suratkeşleriniň Halkara forumyna gatnaşdy. 2019-njy ýylda Kokantda (Özbegistan) geçirilen Halkara amaly sungat festiwalyndan ýeňiji baýragyny alyp geldi, 2022-nji ýylda Buharada (Özbegistan) Zergärler we zer keşdeçileri festiwalyna gatnaşdy.
– Beýleki ýurtlaryň zergärleri bilen geçirilen duşuşyklar dünýägaraýşyňy ep-esli giňeldýär we döredijiligiň mundan beýläk-de ösmegine oňyn täsir edýär – diýip, Aýjemal Çaryýewa belleýär. – Ýöne milli sungatymyza beýleki medeniýetleriň elementlerini, hatda gaty enaýy elementlerini-de girizmeli däldiris. Talyplarymyza-da: «Türkmen halkynyň milli zergärlik sungatyny gorap saklamak biziň borjumyzdyr» diýýärin.