Ï Sahna sungatyny söýýänler üçin ilkinji spektakl görkezilişine taýýarlyk görülýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahna sungatyny söýýänler üçin ilkinji spektakl görkezilişine taýýarlyk görülýär

view-icon 3834
Sahna sungatyny söýýänler üçin ilkinji spektakl görkezilişine taýýarlyk görülýär

Teatr möwsümi entek açylmadyk bolsa-da, döredijilik toparlary tomusky dynç alyşdan dolanyp gelenden soň, teatrlarda işjeňlik ýagdaýy başlady.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda beýik türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýnuna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Režissýor Mekan Jumabaýew her sahnany täzeden gözden geçirýär we soňky düzedişleri girizýär.

«Gurbannazar Ezizow» spektaklynyň birnäçe aýratynlyklary: teatryň orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen saz bilen bezelen seslendiriş, şahyryň goşgulary hem-de horuň ýerine ýetirýän aýdymlary bar. Emma iň möhüm aýratynlyk – Gurbannazar Ezizowyň maşgala agzalarynyň maslahatlarydyr. Şahyry tanaýan dramaturglar Hydyr we Ilýas Amangeldiýewleriň kömegi bilen bu spektakl terjimehal usulynda goýulypdyr.

Şol bir wagtda täze sahna oýunlaryň goýulyşy hem dowam edýär. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, teatryň döredijilik topary nusgawy eseri – N.W.Gogolyň «Öýlenmek» atly pýesasy boýunça spektakl taýýarlamagy dowam etdirýär. Bu spektakly saýlamaklarynyň sebäbi, birnäçe ýyl öň A.N.Ostrowskiniň pýesasy esasynda goýlan «Balzaminowyň öýlenişi» spektaklynyň tomaşaçylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagydyr.

«Öýlenmek» spektaklynyň režissýorlary Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow bolup, olaryň asyl hünäri artist we teatr suratkeşi. Muňa garamazdan, olaryň režissýorçylyk işlerinde hem üstünlikleri bar. Häzirki wagtda spektaklyň taýýarlygy aktýorlar bilen okalma tapgyrynda dowam edýär.