Ï Ahal we Balkan welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal we Balkan welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

view-icon 4456
Ahal we Balkan welaýatlarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler

14-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Ak bugdaý etrabynda geçiriler. Çäre Ak bugdaý etrap häkimligiň maslahatlar zalynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Salgysy: Änew şäheriniň Ak bugdaý etrabynyň Watan köçesiniň 1-nji jaýy.

Maglumatlar üçin telefon belgisi: +99313736714.

15-nji awgustda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda geçiriler. Çäre Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Salgysy: Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýy.

Maglumatlar üçin telefon belgileri: +993245 32078; +993245 33027.

Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresine ähli guramalaryň, kärhanalaryň we telekeçileriň boş iş orunlary baradaky maglumatlary hödürlemegi zerurdyr. Iş gözleýän raýatlar bolsa özleri bilen şahsyýetini tassyklaýan resminamany, ýagny pasportyny, zähmet depderçesini (eger bar bolsa) we hünäriniň bardygyny tassyklaýan resminamany getirmelidirler.