Ï Ýurdumyzyň ajaýyp gözellikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ajaýyp gözellikleri

view-icon 6398
Ýurdumyzyň ajaýyp gözellikleri

«Gudrat göreý diýseň – daglara bar» diýlip, halk pähiminde aýdylýar. Suratkeş Döwran Hydyrow — dag peýzažynyň ussady. Ol Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy bolup, kakasy suratkeş Amangeldi Hydyrow bilen bilelikde ýurdumyzyň daglaryna aýlanyp gördüler. Gezelençleriň dowamynda daglar syýahatçylaryň öňünde öz täsin gözelliklerini görkezdiler.

Döwranyň döredijilik usuly hem özboluşlydyr: ol daglary mastihin bilen şekillendirýär. Boýagy bölek-bölek halynda palitradan gönüden-göni kanwa geçirýär, şonuň netijesinde şekil hakykata ýakynlaşdyrýan görnüşde, dürs we çeper ýerine ýetirilen.

Adatça, Döwran Hydyrowyň peýzažlarynda adamlar ýokdur. Olaryň esasynda diňe iki gahryman bar: beýik daglar we giň asman. Emma asmany, daglardan tapawutlylykda, köplenç dramatik görnüşde şekillendirýär – bu bolsa peýzažlara güýçli täsir berýär.

Döwran Amangeldiýewiç Balkanabadyň çagalar çeperçilik mekdebinde eýýäm 23 ýyl bäri mugallym bolup işleýär. Ol 10 ýaşynda ilkinji gezek bu mekdebiň bosagasyndan geçdi. Mekdep oňa zehinini kämilleşdirmekde uly goşant goşdy we 1992-nji ýylda, gutardyş ýylynda, Döwran zehinli çagalaryň arasynda geçirilen döwlet bäsleşiginde suratkeşlik ugrunda baş baýragyny alýar. Bu ýokary baha oňa kakasy ýaly ýokary hünär suratkeş bolmaga ylham berdi. Şol ýylyň özünde ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşlik bölümine okuwa girdi.

Paýtagtda ýaşamak we okamak, şekillendiriş sungat sergilerine baryp görmek, suratkeşler bilen duşuşmak – bularyň hemmesi Balkanabatly okuwçynyň gözýetimini giňeltdi. Emma daglar henizem döredijiliginiň merkezinde galypdy.

Bu gün biz Döwran Hydyrowyň eserlerine haýran galýarys. «Mergen dagy» atly suraty ajaýyp berkligi bilen haýran galdyrýar. «Gaýtarmyş ata» atly eserindäki ýagty asman bir gudratyň boljakdygyny yşarat edýän ýaly. «Kanýon» eseri bolsa tebigatyň özboluşlylygyna bolan haýranlygy görkezýär. «Durdyhan obasy» atly eser hem täsirli – onda daglyk ýerde ýerleşýän oba şekillendirilipdir. Suratkeş güýz paslyny saýlap alypdyr: agaçlaryň ýapraklary sarymtyl öwüsýär, oba daglar bilen bir reňkde bolup, olar bilen bitewi sazlaşyk döredýär. Oba daglaryň goragynda ýerleşen ýaly görünýär.

Şeýle hem Döwran Hydyrowyň dag şekillerinde, köplenç, mukaddes ýerler görkezilendir. Belki-de, suratkeş her dagyň mukaddesdigini görkezjek bolandyr. Emma birnäçe eserler gönüden-göni mukaddes ýerler bilen baglanyşykly: «Gözli ata», «Idris Baba», «Parawbibi».

Aýratyn täsir galdyrýan eserleriň biri – «Balkan arçasy». Şol eserde bir arçanyň tohumy şemal bilen dagyň depesine düşüp, ýyllaryň dowamynda güýçli şemallara, yssy güne garşy durup, ýaşaýşa ukyplydygyny görkezýär. Häzirki wagtda-da onuň kökleri açylyp, Güne ýanandygyna garamazdan, arçanyň ýokarky bölegi ýaşyl bolýar. Bu durmuş güýji oňa, belki-de, Balkan daglaryndan berlendir.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda Garagum daglaryna döredijiligini bagyşlan halypa suratkeş – Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedow giňden tanalýar. Surat sungatynyň muşdaklary üçin onuň döredijilik ýoluny dowam edýän şägirdiniň ýüze çykmagy begendirijidir. Balkan daglaryna bagyşlanan eserleri bilen tanalýan Döwran Hydyrow eziz Watanymyzyň ajaýyp gözelliklerini açyp görkezýär.