Ï Milli donlar türkmen halkynyň medeniýetiniň bir bölegi hökmünde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli donlar türkmen halkynyň medeniýetiniň bir bölegi hökmünde

view-icon 5050
Milli donlar türkmen halkynyň medeniýetiniň bir bölegi hökmünde

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli donlaryň sergisi açyldy. Serginiň maksady muzeýiň hazynalarynda saklanýan gadymy donlaryň gymmatly nusgalary bilen myhmanlary tanyşdyrmakdyr. Myhmanlara ýurdumyzyň dürli sebitlerine degişli XIX asyryň soňy XX asyryň başyna degişli erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň donlary görkezilýär.

Geçen müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halky geçmişe hormat goýmak bilen, öz milli däplerini we medeniýetini saklap geldi. Yzygiderlilik diňe bir däp-dessurlarda däl, eýsem, türkmenleriň egin-eşiginde hem aýdyň ýüze çykýar.

Milli lybaslar halkyň baý taryhy tejribesini özünde jemleýän maddy medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Asyrlarboýy kämilleşip gelen türkmen egin-eşigi halkyň taryhy bilen utgaşyp ösdi.

Baýramçylyk we gündelik lybaslar üçin mata taýýarlamakda ata-babalarymyz oba hojalyk önümlerinden el bilen çig mal taýýarlapdyrlar. Ýüpek pilelerinden ýüpek dokalypdyr, pagta mata üçin ulanylypdyr, düýe we goýun ýüňünden bolsa ýüň matalar taýýarlanypdyr.

Milli lybaslaryň içinde hormatyň we sylagyň nyşany hökmünde don hasaplanylýar. Halk arasynda «Gözellik on, dokuzy don» diýen nakyl bar. Don daşky egin-eşigiň jemleýji bölegi bolansoň, oňa aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýaş topary üçin aýratyn görnüşli donlar tikilýär.

Sergide el keşdesi bilen bezelen zenan donlary, nagyşly we kümüş bezegli donlar, kümüş düwmeleri we monjuklar bilen bezelen donlar görkezilipdir. Şeýle hem mata bölekleri bilen bezelen mahmal we ýyly donlar, seçekli donlar, gyzyl hem ýaşyl çyzykly sary donlar, pagta örtükli donlar, ýüpek donlar görkezilýär. Mundan başga-da, erkekler üçin gyzyl we çyzykly donlar, ýarym ýüpek donlar, goýun we düýe ýüňünden tikilen donlar hem sergide bar.

Döwlet muzeýi bize ata-babalarymyzyň miras goýup giden dürli görnüşli milli lybaslaryny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, XIX asyryň soňy XX asyryň başyna degişli donlaryň sergisi etnograflarda, taryhçylarda, suratkeşlerde we lybas dizaýnerlerinde aýratyn gyzyklanma döredýär.