Ï Türkmenistandan zehinli çagalar Aktau şäherinde geçirilen sungat festiwalynda çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistandan zehinli çagalar Aktau şäherinde geçirilen sungat festiwalynda çykyş etdiler

view-icon 5243

Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) howandarlygynda guralan halkara çagalar sungat festiwaly tamamlandy. Halkara çagalar sungat festiwaly Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan, Tywa, Krym ýaly sebitlerinden we Gazagystanyň dürli künjeklerinden gelen ýaş zehinli çagalary bir ýere jemledi.

Ýaş artistler dört ugurda öz ussatlyklaryny görkezdiler: wokal (halk we estrada aýdymlary), tans we sahna sungatynda, halk saz gurallarynda ýerine ýetiriliş.

Türkmenistandan gatnaşan zehinli çagalar ýokary derejede çykyş edip, gowy netijelere eýe boldular. 

TÜRKSOÝ tarapyndan baýrakly orunlar, Hormat hatlary we gymmatly sowgatlar bilen sylaglananlar: Balkan welaýatynyň Medeniýet merkeziniň «Abatjyk» atly çagalar tans topary, Türkmenbaşy şäheriniň ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Döwletgeldi Orazdurdyýew, Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Söýenç Maşadow, Balkanabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şamyrat Myratjanow.

Mundan başga-da, «Aktau – 2025-nji ýylyň türki dünýäsiniň medeni paýtagty» maksatnamasynyň çäklerinde «Türki dünýäsiniň adaty çagalar oýunlary» atly tema boýunça ýaş suratkeşleriň bäsleşigi geçirildi. Müňlerçe dalaşgäriň arasyndan saýlanyp alnan kyrkdan gowrak zehinli çagalar öz işlerini hödürlediler.

Bu ýaryşda hem Türkmenistandan gatnaşan ýaş suratkeşler üstünlik gazandylar. Baş baýraga Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bibinabat Aşyrowa eýe boldy. Şeýle hem baýrakly orunlara Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýsel Semenderowa we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Wepa Geldimuhammedow mynasyp boldular.

Festiwal dabaraly baýrak gowşurylyş we gala-konsert bilen tamamlandy. Ýaş artistler özleriniň dostlugy we türki halklaryň agzybirligini alamatlandyrýan iň gowy çykyşlaryny görkezdiler. Ýapylyş dabarasynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew ýaşlaryň döredijiliginiň halklaryň arasynda medeni köpri bolup hyzmat edýändigini nygtady. 

Türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ähli şertleriň döredilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaş zehinler halkara olimpiadalarda we bäsleşiklerde uly üstünliklere eýe bolup, öz ukyplaryny görkezýärler we ýurdumyzyň ýagty geljeginiň binýadyny tutýarlar.