Ï Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäherinde “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäherinde “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

view-icon 7075

2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäheriniň “Ilýuzion” kinoteatrynda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, “Hazar mediaforum – 2025” çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar hem-de Astrahan oblastynyň çäginde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Kino görkezilmezinden öň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy habarçysy A.Ataýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanyň medeni mirasynda uly ähmiýete eýe bolýandygyny we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belläp geçdi.