Ï Şanly senä medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň toý sowgatlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanly senä medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň toý sowgatlary

view-icon 6251
Şanly senä medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň toý sowgatlary

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynyň agzybir hem-de zähmetsöýer ilaty naýbaşy baýramymyz — Berkarar Diýarymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuna ruhy dünýäsiniň galkynyşy, uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. 

Welaýatyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň hem şanly baýrama mynasyp toý sowgatlary bilen barýandyklaryny buşlamak şanly baýramyň owazasyna goşulmakdan nyşan. Mälim bolşy ýaly şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabarasy ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýar. Baýramçylyk mynasybetli Aşgabat şäherinde geçiriljek dabaraly konserte we Döwlet münberiniň öňünde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna welaýat medeniýet merkeziniň «Amul» folklor-tans topary gatnaşar hem-de bu ýerlerde degişlilikde sebite mahsus «Noý-noý», şeýle hem «Çapak» tanslary bilen çykyş ederler. Garaşsyzlyk toýunda welaýatyň çäginde hem dürli çärelere giň gerim berler. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde geçiriljek esasy dabara sebitiň ähli etrapdyr şäherlerinden tanymal aýdymçylar, bagşy-sazandalar, folklor-tans toparlary gatnaşarlar. Bu ýerde milli sungatymyzyň geljegi bolan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileriniň, çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem ýaýbaňlandyrylar. Häzirki wagtda medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň, halypa sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerinde milli mirasymyzy, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan okgunly ösüşlerini görkezýän uly göwrümli sergiler guralar. 

Şanly baýramçylyga Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem taýýarlyk işleri dowam edýär. Sungat mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli türkmen telewideniýesiniň «Türkmen owazy» teleýaýlymynda Garaşsyzlygymyzy, Berkarar Diýarymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdymlardan, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly doganlyk halklaryň aýdymlaryndan ybarat konsert bilen çykyş etmeklik meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da sungat ojagynyň zehinli ýaşlary baýramçylygyň şanyna welaýat möçberinde geçiriljek konsertlere taýynlyk görýärler. Bu mekdebiň nakgaşlyk bölüminiň mugallymlarydyr talyplary hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygy döwründe ýetilen belent sepgitleri şöhlelendirýän surat eserleri bilen baýramçylyga bagyşlanan sergilere gatnaşarlar. Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde hem zehinli suratkeşleriň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çeken suratlarynyň sergisini guramak göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň çuňňur many-mazmunyny açyp görkezýän sergilerdir maslahatlar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem-de welaýat kitaphanasynda ýaýbaňlandyrylar. Welaýat muzeýinde «Garaşsyzlyk — Watanyň şöhraty» ady bilen şanly baýrama bagyşlap maslahat geçirmek hem-de milli mirasymyzy, ýurdumyz özbaşdaklygyny alandan soňra gazanylan üstünlikleri beýan edýän giň göwrümli sergi guramak meýilleşdirilýär. Welaýat kitaphanasynda hem «Berkden tutup Garaşsyzlyk binýadyn, Watan öňe barýar gowşatman badyn» ady bilen maslahat geçirmeklige, şeýle-de «Ýurdumyzda Garaşsyzlyk mukamy, Watanymyz Garaşsyzlyk mekany» atly Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan, ýazyjy-şahyrlarymyzyň güneşli Diýarymyz, eşretli zamanamyz baradaky eserlerinden ybarat kitap sergisini ýaýbaňlandyrmak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Garaşsyzlyk baýramyna Lebap welaýatyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hem mynasyp sowgatly barýar. Teatryň döredijilik topary bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Syrak» pýesasy esasynda täze taryhy sahna oýnunyň üstünde işleýärler. Ýeri gelende bu sahna eserini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy Döwran Joraýewiň sahnalaşdyrýandygyny, bu onuň ilkinji uly döredijilik işidigini belläp geçmek bolar. 

Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler bagtyýar halkymyzyň ruhy dünýäsiniň şamçyragyna, bu ulgamyň işgärleriniň bolsa, şanly toýa taýýarlan ajaýyp sowgadyna öwrüler.