Ï Merkezi Aziýa forumy ýaşlary durnukly geljek üçin birleşdirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa forumy ýaşlary durnukly geljek üçin birleşdirdi

view-icon 3390
Merkezi Aziýa forumy ýaşlary durnukly geljek üçin birleşdirdi

Aşgabatda «Saglyk we durnukly ösüş – parahatçylyga tarap ýol» diýen şygar bilen geçirilen Merkezi Aziýa ýaşlar forumynyň jemleri jemlendi. Ýaş nesliň gyzyklanmasyny döredýän möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gönükdirilen bu forum möhüm çözgütleriň we başlangyçlaryň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar sanly meýdançalarynyň we emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşy, ýaşlar startaplaryny durmuşa geçirmek mümkinçilikleri hem-de psihoaktiw maddalaryň ulanylmagynyň öňüni almak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Netijeli pikir alyşmalara jemgyýetçilik we ýaşlar guramalarynyň wekilleri, bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Bilermenler ýaş nesil bilen iş alyp barmakda ulanylýan mediagiňişligiň sanly özgertmeleri, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem-de öňüni alyş strategiýalary boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň pikirine görä, ýaşlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ylmy esasly maksatnamalara daýanmak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýan umumy strategiýany işläp düzmek arkaly bilelikde hereket etmek zerurdyr. Bellenilişi ýaly, sebitiň ýaşlarynyň sesleri golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda (LLDC) hem ýaňlandy. Şol forumda ýaşlaryň syýasaty we başlangyçlary işläp düzmek işine işjeň gatnaşmagynyň olaryň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy.

Foruma gatnaşyjylar – Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan gelen myhmanlar çäräniň ýokary derejede guralandygy we häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Iki günlük forumyň jemleri boýunça Aşgabatda geçirilen meýdançasynda öňe sürlen pikirleri şöhlelendirýän taslamanyň başlangyç strategik meýilnamasyny öz içine alýan taslama ýol kartasy hödürlenildi. Bu resminama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan işleniler.

– Bu ýol kartasy iki günüň dowamynda jemlenen pikirleriň we resminamalaryň ýygyndysydyr. CADAP 7-niň iş mehanizmi noýabr aýynyň birinji ýarymynda tamamlanar. Biz bu maglumatlary seljerip, geljekki tapgyra degişli hereket meýilnamasyna goşmagy meýilleşdirýäris. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny goldamakdan ybarat. Indiki tapgyrda ähli pikirleri jemläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny dowam etdireris – diýip, CADAP 7 maksatnamasynyň direktory Ernest Robello nygtady.

CADAP (Central Asia Drug Action Programme) maksatnamasy Ýewropa Bileleşiginiň başlangyjy bolup, Merkezi Aziýa ýurtlarynda neşe serişdelerine bolan islegi azaltmak boýunça netijeli syýasaty işläp düzmäge goldaw bermäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda maksatnamanyň ýedinji tapgyry (CADAP 7) durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama BMG-niň degişli konwensiýalaryna hem-de Adam hukuklarynyň umumy Jarnamasyna esaslanýar we onuň amala aşyrylmagy 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça BMG-niň Gün tertibine laýyk gelýär.

Merkezi Aziýa ýaşlar forumy ýaly giň gerimli çäreleriň guralmagy, Türkmenistanyň ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde munuň ähmiýeti has-da artýar, sebäbi durnukly geljegiň binýady ýaş nesildir.

2023-nji ýylda ýurdumyzda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy. Ýaşlar syýasaty boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň üstüni ýetirýän bu resminama ýaş raýatlaryň halkara derejesindäki medeni, ylym, bilim we sport ugurlaryndaky işjeňligini ýokarlandyrmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.