Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Merkezi Aziýanyň «Saglyk we durnukly ösüş – parahatlyga barýan ýol hökmünde» atly ýaşlar forumy öz işine başlady.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy maksatnamasynyň (CADAP 7) Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guran bu çäresine Merkezi Aziýa, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan we beýleki ýurtlardan ýaş ýolbaşçylar, bilermenler hem hökümet işgärleri gatnaşdy.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa we suw diplomatiýasy boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow, «CADAP 7»-niň müdiri Ernest Robello we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary Matseý Madalinskiý dagy çykyş etdiler.

«CADAP 7»-niň müdiri Ernest Robello foruma gatnaşýanlary gutlap, bu çäräniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigini aýtdy. Forumyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda parahatlygy we gepleşikleri ösdürmek üçin ýerlik bolmakdyr. Onuň esasy maksatlary ýaşlaryň mümkinçiliklerini berkitmegi, işjeňler ulgamlaryny döretmegi, medeni alyş-çalşa ýardam etmegi, şeýle hem sebitde hyzmatdaşlygy we durnuklylygy ösdürmegi öz içine alýar.
Soňra forumyň işi ugurdaş mowzuky sapaklarda dowam etdi. Olara gatnaşanlar neşä tabynlygyň öňüni almak we akyl saglygyny gorap saklamak, daşky gurşaw medeniýetiniň jähetlerini, innowasiýa çemeleşmelerini, bilim strategiýalaryny we ýaşlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň çäginde daşary we goňşy ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri barada çykyşlar boldy, şeýle hem «sorag-jogap» görnüşinde sapak geçirildi, onuň barşynda talyplar bu tejribeleri öz hünär ugurlarynda ulanmak mümkinçiligi barada uly gyzyklanma bildirdiler.
Ertir ýaşlar forumy sanly ýerlikleri we emeli aňy ulanmak, şeýle hem ýaşlaryň parahatlyk we innowasiýa maksatly başlangyçlaryny goldamak boýunça okuwlary öz içine alýan gepleşikler bilen dowam etdiriler. Çäräniň ahyrynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça gutarnykly resminamanyň we «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Resmi mejlislerden başga-da myhmanlar üçin medeni maksatnama, şol sanda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmek-de meýilleşdirilýär. Forumyň Aşgabatda geçirilmegi «CADAP» maksatnamasynyň ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga we Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ymtylyşyny tassyklaýar.