A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň durmuşy we, elbetde, söýgi hakdaky ýene bir sazly spektaklyny taýýarlady. Spektaklda çagadyr ata-ene meselesi gozgalýar. Her bir ene-ata gyzyny jogapkärli we maddy taýdan üpjün adama durmuşa çykarmagy arzuw edýär, ýöne «Juwan kalbym joşanda» spektaklyň barşyndan görnüşi ýaly, durmuşda bu niýetler hemişe mamla çykmaýar.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Bilbil Mämmedow «Juwan kalbym joşanda» spektaklyny 20 ýyl ozal ýazypdyr. Bu spektakl ýurdumyzyň köp teatrlarynyň sahnalarynda üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu ýyl bolsa bu spektakl bilen A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň döredijilik topary gyzyklandy.

Spektakly tomaşaçylaryň aňyna uýgunlaşdyrmak aňsat däldi. Emma bu hiç kimiň öňünde böwet bolup bilmedi: edebi bölümiň müdiri Maksat Hudaýgulyýew spektaklyň türkmen dilinden rus diline terjimesini boýun aldy; spektaklda diýseň köp ulanylýan goşgularyň terjimesi bilen bolsa režissýor Kyýas Gurbanow meşgullandy; goşgular üçin sazlary saz bezegçisi Begenç Kakaýew, aktýorlar Alina Andronowa we Swýatoslaw Lawin dagy saýlady. Horeograf Maral Hemragulyýewa, aktýor Andreý Pawlowyň işjeň gatnaşmagynda spektaklyň gahrymanlary bilen tanslary sahnalaşdyrdy.

Spektakly goýan suratçy Wepa Annaberdiýew gowy netije gazandy. Ol, aýratynam, gurluşyk meýdançasyny şekillendirýän ilkinji sahnanyň bezeginiň hötdesinden abraý bilen geldi: ýük göterýän maşynlar agyr ýükleri göterýärler, işçiler yhlas bilen gurluşyk serişdelerini daşaýarlar – sahnada gyzgalaňly iş alnyp barylýan ýaly duýulýar.

Aktrisa Lýubow Ýemelýanowanyň spektaklyň baş gahrymany Maralyň keşbini ýerine ýetirişi diýseň şowly çykypdyr; ol sada, ýöne tutanýerli türkmen gyzynyň umumylaşdyrylan keşbini döretmegi başarypdyr. Selbi ejäniň keşbini ýerine ýetiren Anastasiýa Balandinany-da üstünligi bilen gutlamak bolar. Andreý Pawlow hem öz paýyna düşen keşbi ajaýyp ýerine ýetirdi. Pürliniň keşbini aktýor Magtymguly Gurbanow ýerine ýetirdi.

Spektaklda aýdym we tans gaty köp, şonuň üçin-de ony aýdym-sazly hasap etmek bolar. «Juwan kalbym joşanda» spektakly dramaturg hut düýn ýazan ýaly özüne çekýär. Bu, spektakly döredenleriň hemmesiniň, ilkinji nobatda bolsa, režissýor Kyýas Gurbanowyň uly üstünligidir.

20-nji sentýabrda tomaşaçylar «Juwan kalbym joşanda» spektaklynyň ilkinji görkezilişine tomaşa edip bilerler, olar aşyk-magşuk Maralyň we Serdaryň ykbalyna guwanyp bilerler, şeýle hem tükeniksiz oýlap tapyjy Pürliniň heneklerine gülüp bilerler, olarsyz bu hekaýat bagtly tamamlanmazdy.