Ï Mukaddes Garașsyzlygymyzyñ 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mukaddes Garașsyzlygymyzyñ 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi

view-icon 4241
Mukaddes Garașsyzlygymyzyñ 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi

Mukaddes Garașsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyñ ähli ýerlerinde dabaralar, aýdym-sazly dușușyklar, maslahatlar, sergiler geçirilýär.

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniñ biri bolan «Baýram han» seýilgähinde «Garașsyzlyk – köňülleriñ guwanjy» atly göçme kitap sergisi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi tarapyndan bilelikde guraldy.

Onda çykyş edenler bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere barýan Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyñ 30 ýyllygynyñ giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan ösüşler barada gürrüň berdiler.

Guralan göçme kitap sergisi bu ýere gelenleriñ ünsüni has-da özüne çekdi.