Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergä Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işjeň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Olar bu sergide diwarlyk usulynda ýerine ýetirilen täze eserlerini hödürlediler. Bu usul olaryň işlerinde goýlan syýasy manysyny iň gowy derejede görkezýär. Emma iň gymmatly zat bolsa, talyplaryň işleri arkaly ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna türkmenistanly ýaş nesilleriň gözlerinden seretmäge mümkinçilik döredilýär.

Sülgun Gurbandurdyýewa «Arkadag şäheri – abadançylygynyň şäheri» atly özboluşly eseri taýýarlady. Eserinde Günüň şöhlesi bilen gündogar tarapyndan ýagtylanýan Ýer şaryny ýatladýan iki sany ululygy boýunça deň bolmadyk ýarym şarlar şekillendirilipdir. Birinji ýarym şaryň merkezinde türkmen tahýasynyň nagyşlary, beýlekisiniň merkezinde bolsa milli keşde nusgasy ýerleşdirilipdir. Ýarym şarlar bugdaý başlary we usullyk bilen ýerleşdirilen türkmen gölleri bilen bezelipdir.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şeýle at bilen Bägül Gibaýewa öz eserini atlandyrypdyr. Awtor onda paýtagtymyzy guşuň uçuş beýikliginden şekillendiripdir. Eserde awtoryň kepderiler, uçar we altynsow-gülgün bulutlar bilen asmanyň giňişliginde parahat uçup ýörendigi duýgusy döreýär. Aşakda bolsa Bägülüň özüniň parahat Watanym hasaplaýan gözel, häzirki zaman şäheri ýaýylyp ýatyr.
Häzirki ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolandygyny ýatladyp, Käde Taganowa «Asuda ýurdum – agzybir milletim» atly eserinde parahat asmandaky buýsançly pasyrdaýan Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet baýdaklaryna ünsi çekýär. Eser şol bir wagtda biziň ýurdumyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp ornuny nygtaýar.

Ammarlardan alnan eserleriň arasynda Niýazmyrat Dowodowyň eseri sergä gatnaşan ýaşlaryň häzirki zaman usulyny has-da açyp görkezýär. Dürli öwüşginli ýaşyl meýdanlaryň arasyna düşen geçip barýan demir ýol otlysynyň owadan çyzygy, Köpetdagyň ajaýyp gerişleri – bularyň hemmesi gözi guwandyrýar we buýsanç bilen «Meniň Watanym» diýip atlandyrylýar.

Kiçi görnüşli heýkeller öz mazmunlary bilen serginiň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdylar. Olaryň üçüsiniň – «Owaz», «Tans», «Küştdepdi» eserleriniň awtory heýkeltaraş Juma Jumadurdy. Alekseý Şetiniň tarapyndan ýasalan ajaýyp «Jigidiň tansy» atly eser serginiň görkezilişinde öz mynasyp ornuny eýeledi. «Zähmet ýeňişleri» atly köp şekilli heýkel kompozisiýasy çäksiz şatlyk döredýär.
Türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri üçin watançylyk buýsanjyny döredýär.