Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

view-icon 2251

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýeti hem bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.