Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gyrgyzystanyň belli ýazyjysy Çiňgiz Aýtmatowyň adybir romanynyň esasynda sahnalaşdyrylan «Ýüzbe-ýüz» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Sahna oýnunyň wakasy uruş ýyllarynda kiçijek gyrgyz obasynda bolup geçýär.

– Eseriň ahyryny birneme üýtgetdik – diýip, sahna oýnunyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew gürrüň berýär. – Bizde baş gahryman ähli betbagtçylyklar üçin urşy günäkärleýär. Onuň sözlerinde many bar. Parahatçylyk döwri bolanlygynda Ysmaýyl obadaşlarynyň arasynda abraýly adam hem bolsa bolardy. Ýöne uruş onuň durmuşyny çepbe çöwürdi, indi ol hemmeleriň ýigrenýän jenaýatkärine öwrüldi.

Dramany şunuň ýaly tamamlamaga bizi şu ýylyň şygary – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ylhamlandyrdy. Biz «Ýüzbe-ýüz» sahna oýnunyň üsti bilen tomaşaçylara Ýer ýüzünde parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ýene bir gezek ýatladýarys.

Sahna oýnunyň bezegçisi, suratçy Mekan Annamyradow sahna bezeginiň üstünde işlemek bilen, sahnadaky gamyş örten käli Gyrgyzystanyň tebigatyna mümkingadar ýakynlaşdyrypdyr. Köçedäki çyralaryň öçügsi yşygy düşýän tutuş sahna uzalyp gidýän agaç köpri – çygra barýan ýol. Seýdäniň öýündäki otag we onuň sorag edilmek üçin polisiýa tarapyndan çagyrylan oba geňeşliginiň iş otagy-da gyzykly berlipdir – giriş gapysy bolan diňe bir diwar jaýyň tutuş şekilini göz öňüňde janlandyrýar.

Dynman ýagýan gar sahna oýnunyň ähli sahnasynda dowam edýär. Tutuk, sowuk howa dramanyň dartgynlylygyny güýçlendirýär. Hemme zat netije gazanmaga, ilkinji nobatda-da sahna ussatlaryny seçip almaga gönükdirilipdir. Baş gahryman Seýdäniň, keşbini Leýla Rüstemowa, Ysmaýylyň keşbini Söhbet Täçmämmedow, Ysmaýylyň ejesiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Sülgün Täşliýewa, goňşusynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowa, Murzakuluň keşbini bolsa Döwran Hojageldiýew ýerine ýetirdi.

«Ýüzbe-ýüz» sahna oýnuny gören tomaşaçylaryň ýekejesi hem teatrdan biperwaý çykmady. Kiçijek gyrgyz obasynda bolup geçen pajygaly waka hemmelere çuňňur täsir etdi diýip, ynam bilen aýtmak bolar.


