Ï Arkadag şäherinde keramikaçy zenanlaryň işleriniň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde keramikaçy zenanlaryň işleriniň sergisi guraldy

view-icon 3109
Arkadag şäherinde keramikaçy zenanlaryň işleriniň sergisi guraldy

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zenan keramikaçylaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gülara Babaýewa we onuň şägirtleri tarapyndan guralan sergide 1000-e golaý täsin keramiki iş görkezildi. Olaryň arasynda ajaýyp wazalar, küýzeler, heýkeljikler we beýleki işler bardy. Her bir iş Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan özboluşly eserdi.

Keramika önümlerinde gündelik türkmen durmuşynyň gözelligi, milli aýratynlygy, reňkdir görnüşiň sazlaşygy ussatlyk bilen berlipdir. Ýaş suratkeşleriň işleri täsirli görnüşleri, özboluşly kompozisiýalaryň we baý milli bezegleriň ussatlarça ulanylandygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda türkmen keramikaçylarynyň ýaş nesli diňe bir halypalarynyň mirasyny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ussatlygy kämilleşdirmegiň täze ýollaryny-da gözleýär. Bu işde olara Gülara Babaýewanyň halypalyk aladasy kömek edýär. Ol keramika boýunça çuňňur bilimini ulanmak bilen, talyplarda sungata söýgi döretmek ugrunda yhlas edýär.

Onuň ýolbaşçylygynda ýaş keramikaçylar dürli görnüşli syrçalar we angoblar (suwuk toýun örtükler) bilen üstünlikli işleýärler, şeýle hem nagyş, surat we relýef ýaly çylşyrymly çeperçilik usullaryny ulanýarlar. Şunda talyplar bitewi we sazlaşykly eserler döredip, sadalyga hem täsirlilige ýykgyn edýärler.

Sergi türkmeniň bezeg we amaly-haşam sungatynyň estetik ähmiýetini hem özboluşlylygyny görkezdi, şeýle hem ýaşlaryň ussatlyga eýe bolmaklarynda we terbiýelenmeginde mugallymlaryň zähmetiniň ähmiýetine ünsi çekdi.