Ekologiýa meselesi boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň we oňa esasy çemeleşmegiň möhüm bölegi bolup Hazar ekologiýa forumy hyzmat edip biler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde dünýä bileleşigine bu forumy eýýäm 2026-njy ýylda geçirmegi teklip etdi.
«Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe sürlen we Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak üçin halkara platformany döretmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerleder. Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar. Ony 2026-njy ýylda geçirmegi teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz, şeýle-de, Türkmenistanyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça işlerini hem-de bu meselelere howpsuzlygy üpjün etmegiň, howa, ekologiýa we tehnogen hadysalara gözegçilik etmegiň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek boýunça binýatlaýyn çemeleşme hökmünde yzygiderli esasda garalmagyny maksat etdirjekdigini belledi.