Ï Galkynyş eýýamyndaky Leonardo da Winçi we döwürdeşimiz Nureddin Nyýazow
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galkynyş eýýamyndaky Leonardo da Winçi we döwürdeşimiz Nureddin Nyýazow

view-icon 2353
Galkynyş eýýamyndaky Leonardo da Winçi we döwürdeşimiz Nureddin Nyýazow

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşi Nureddin Nyýazowyň eserleriniň şahsy sergisi açyldy. Suratkeş sergi üçin suratlar toplumyny taýýarlapdyr. Onda Leonardo da Winçiniň we Galkynyş zamanasynyň nakgaşlarynyň eserlerini öwrenmek boýunça bäş sany awtorlyk hukugy şahadatnamasy görkezilen.

2018-nji ýylda Mahpirat adyndaky Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy institutynyň (Daşkent) TURON Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň karary bilen Nureddin Nyýazow sungat taryhyndaky ylmy agtaryşlary üçin Hormatly akademik adyna mynasyp görüldi. Bu hakykat Halkara Parahatlyk we ynanyşma ýylynda jemgyýetde aýratyn gyzyklanma döredýär.

Nureddin Burhanowiç bilen bolan söhbetdeşlikde biz köplenç sungat öwrenijileriň soňlugy bilen suratkeş bolmagynyň adaty bir zatdygyny, ýöne sungaty öwrenýän nakgaşyň ýokdygyny belläp geçdik. Şonuň üçin-de oňa şeýle sorag bilen ýüzlendik:

– Siziň ýaly arzyly suratkeşiň ylmy agtaryş işe gyzygyp gitmegine näme sebäp boldy? Onsoňam, näme üçin hut Galkynyş eýýamynyň ussat zehini Leonardo da Winçini öwrenmegi ýüregiňize düwdüňiz?

– Sungat taryhyna, aýratynam Leonardo da Winçiniň eserlerine bolan söýgi, Duşanbe şäherindäki Respublikan sungat mekdebinde okaýan döwürlerimde ajaýyp mugallymym Ýelizaweta Tatarenkonyň täsiri astynda ýüze çykdy.

1974-nji ýylda maňa Leonardo da Winçiniň ajaýyp eseri «Mona Lizanyň» asyl nusgasyny görmek bagty miýesser etdi. Men Moskwanyň üsti bilen geçip barýardym welin, A.S.Puşkin adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Leonardo da Winçiniň «Mona Liza» eseri sergä goýulandygyny eşitdim. Dünýä belli suratyň asyl nusgasyny görmek isleýän adamlaryň nobaty diýseň uludy. Bu meniň Moskwada bolmaly soňky günümdi; ertesi güne Leningrada (Sankt-Peterburga) bilet alypdym. Ýapylmanka, muzeýe girip bilmerin öýdüp, gaty tolgunýardym we adamlardan meni binobat goýbermeklerini haýyş edýärdim. Emma olar meni eşitmeýän ýalydylar. Birden bir gyz maňa nobat bellenen kagyzy uzatdy-da: «Alyň» – diýdi. – Men «Mona Lizany» başga bir günem görüp bilerin».

Men ol ýerde ýene takmynan sagat ýarym durdum. Ahyrsoňy, suratyň ýanyna bardym. Aljyradym. Ol maňa seredip: «Meniň syrymy aç!» diýýän ýalydy, Jokondanyň syrlylygy hakynda öňem eşidipdim. Indi bolsa muny özüm duýdum. Men portretden gözümi aýyrman, onuň öňünde seredip durdum. Onuň syrly ýylgyryşy meni haýrana goýan bolsa, gaşsyz gözleriniň hyrsyz nazaryndan lapykeç boldum.

– «Mona Lizanyň» asyl portretinden alan täsirleriňiz siziň Leonardo da Winçiniň eserlerine bolan höwesiňizi artdyrypdyr – bu düşnükli zat. Ýöne ylmy agtaryş işine başlamak islegi nädip ýüze çykdy?

– Ýene-de «Mona Liza» sebäp boldy. Bir gün men onuň portretiniň gaty gowy nusgasyndan göçürme almak kararyna gelip, ony dörtburç öýjüklere böldüm. Şonda öýjükleriň arasynda birnäçe ownuk suratlary görüp, haýran galdym. Ine, hut şu gizlin şekiller-de mende ylmy agtaryşa höwes döretdi. Döredijiligimiň dowamynda «Leonardo da Winçiniň dünýäsi» atly ýigrimi bäş sany surat toplumyny döretdim we sungaty öwreniş barada sekiz sany makala ýazdym. 2014-nji ýylda Aşgabatda «Da Winçiniň syry» atly şahsy sergim görkezildi.

– Nureddin Burhanowiç, iň gyzykly agtaryşlaryňyz barada halka ýakyn dilde gürrüň berip bilmersiňizmi?

– Mysal hökmünde Leonardo da Winçiniň «Welileriň ybadaty» suratyny alalyň. Üns berip, seretseň, çep tarapda ýene bir «Ybadaty» görüp bolýar. Ol ýerde hem eli bäbekli Madonna şekillendirilipdir. Emma olara hiç kim ybadat etmeýär, ýöne bir täsin ruhany ýokardan baş egip, olara pata berýär.

Sagda, suratyň öň tarapynda, bir ýigidiň şekili ünsi özüne çekýär. W.N.Lazarewiň kitabynda käbir alymlaryň munuň Leonardonyň çeken öz portretidigini tassyklaýandyklary aýdylýar. Eýsem-de bolsa, bu tassyklama jedelli hasaplanýar. Men onuň dogrulygyny tassyklamak üçin üç esas getirýärin. Birinji esas: ýigidiň sudury suratyň sag gyrasynda goýy kölegede şekillendirilipdir. Öňdäki suratlardan tapawutlylykda, ýigidiň ýüzi Merýem eneden we bäbek Mesihden ters tarapa garap dur. Bu, ýakyn adamlarynyň aglabasynyň aýdyşy ýaly, Leonardonyň dine ynanmandygyny tassyklaýar.

Ikinji esas: «Leonardo da Winçiniň halypasy Andrea Werrokko «Dawidiň» bürünç heýkelini ýasanda, şägirdiniň ýüz keşbini ulanypdyr» diýen pikir bar. Ýöne bu pikiri tassyklaýan resminama ýok. Leonardonyň şu güne çenli saklanyp galan ýedi müňden gowrak suratynyň hiç biri-de onuň ýaşlygyna degişli däl.

Şeýle-de bolsa, men «Welileriň ybadaty» suratyndaky ýigidiň saç serenjamy bu rowaýatyň subutnamasy bolup biler diýip hasaplaýaryn, çünki ol Werrokkonyň «Dawidiniň» saçyna gaty meňzeş. Üçünji esas: bürünç «Dawidiň» portretiniň «Welileriň ybadaty» suratyndaky ýigidiň ýüz keşbi bilen meňzeşligini deňeşdirseň, on ýyldan-da köp ýaş tapawudyny göz öňünde tutmak bilen, ynandyryjy meňzeşligi tapyp bileris. Leonardonyň suratyňy öz eliň bilen çekmegiň bu usulyny Sandro Bottiçelliden alan bolmagy mümkin. Bottiçelli «Welileriň ybadaty» atly suratynda sag tarapda, suratyň gyrasynda sary plaşly bir ýigidi çekipdir. Alymlaryň köpüsi bu adamy Sandro Bottiçelliniň çeken öz portreti hasaplaýarlar.

– Galkynyş zamanasynyň suratkeşleriniň gizlin şekiller usulyny ulanmakda maksady näme bolupdyr?

– Düşündiriş bar: suratlaryň köpüsi dini mowzukda çekilen, ol döwürde bolsa dini mowzukly suratlarda artykmaç zatlaryň suratyny çekmek inkwizisiýa kazyýeti tarapyndan jezalandyrylýan eken. Leonardo elmydama ýaşyrynlyga we syrlara ýykgyn bolupdyr, şol sebäpden ýaşyryn şekiller usuly oňa bap bolupdyr. Emma welin, Rafael, Filippino Lippi we Jorjone ýaly Leonardodan soňky ýaş suratkeşler nesilleri hem bu usuly ulanypdyrlar.

– Söhbetdeşligimizi näme bilen tamamlamak islärdiňiz?

– 2022-nji ýylda men Leonardo da Winçiniň käbir eserlerini öwrenmek boýunça kitapçalaryň awtorlyk hukugyny aldym. Bu nakgaşyň rowaýata öwrülen şöhraty asyrlardan aşyp gelýär, özi-de, ol wagtyň geçmegi bilen peselmän, eýsem, has beter parlaýar. Häzirki zaman ylmynyň açyşlary, onuň inženerlik we ylmy-fantastik suratlaryna, gizlin alamatlar bilen bellenen ýazgylaryna gyzyklanmany barha täzeläp durýar. Tizden Leonardo da Winçiniň döredijiligini öwrenýän alymlaryň görkezýän ähli ýaşyryn syrlarynyň jogaplaryny tapsak gerek. Leonardo da Winçiniň eserleri boýunça agtaryşlarym sungat taryhynyň umumy hazynasyna goşant goşsa, özümi bagtly saýaryn.