Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý ýylynda Reutow (Russiýa) dokma fabriginiň Türkmenistana resmi taýdan berilmegine ýüz ýyl doldy. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň öz dokma fabrigini gurmak, geljekde bolsa öz dokma pudagyny döretmek meselesi ýüze çykdy. Aňsat bolmadyk bu meseläni çözmek üçin, SSSR-iň Zähmet we Goranmak Geňeşiniň 1925-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndaky Karary bilen Türkmenistan SSR-ine Russiýanyň iň gowy egriji fabriklerinden biri bolan Reutow fabrigi berildi, ol «Türkmen dokmaçylygynyň Reutow egriji zawody» adyny aldy.
Milli işgärleri taýýarlamak işi Aşgabat fabriginiň açylmagyndan iki ýyl öň başlanypdy. Şol ýyllarda bu fabrik Reutowda (şol wagt ol bir obady) ýeke-täk kärhana bolup, onda uly ýaşly ilatyň ählisi diýen ýaly işleýärdi. 85 sany ýigitdir gyzdan ybarat ilkinji türkmen topary Reutowa 1925-nji ýylyň maý aýynda bardy. Öwrenje türkmenler üçin FZU mekdebi açyldy, şol ýerde olara egriji, ýüplükçi, saýyjy, gözegçi we abatlaýjy hünärlerini öwredýärdiler. Zawodyň ýanyndaky işçi ýaşlar mekdebinde rus dilini öwrenmek we beýleki bilimleri almak bolýardy. Fabrik türkmen pagtasyny alýardy, ýüplük satyşyndan alnan girdeji bolsa Aşgabat kärhanasynyň gurluşygyna sarp edilýärdi.

1929-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatdaky fabrigiň gurluşygy doly tamamlandy, enjamlar synagdan geçirilip, işe taýýar edildi. Şol ýylyň 19-njy noýabrynda kärhananyň – F.E.Dzeržinskiý adyndaky Aşgabat egirme-dokma fabrigi resmi taýdan işe girizildi. Bu önümçiligiň ýola goýulmagy Türkmen respublikasynyň senagatlaşdyrylmagynyň başlangyjy boldy.
Aşgabatdaky bu ilkinji dokma fabrigi Moskwanyň, Leningradyň we beýleki senagat merkezleriniň alymlarydyr inžener-tehniki işgärleri tarapyndan taýýarlanan taslama laýyklykda guruldy. Taslama işlerine iki professor W.M.Keldyş we W.M.Çaplin ýolbaşçylyk edýärdi. Fabrigiň binasyny guran «Tekstilstroý» gurluşyk edarasynyň ýolbaşçysy bolsa inžener L.G.Porohindi. Hut şu adamlaryň zähmeti netijesinde 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen betbagtçylykly ýer titremesinde egirme-dokma fabrigi diňe bir abat galman, eýsem 300 adamyň – gijeki nobatdaky işçileriň janyny hem halas etdi. Esasy binanyň hemmä tanyş sagatly diňi bolsa elhenç betbagtçylykda ýykylman galan ýeke-täk binadyr.
Fabrik bilen bir wagtyň özünde, 1929-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda 3100 adamlyk iki sany işçi şäherçesi ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň dokma senagatynyň ilkinji kärhanasynyň çäginde çagalar bagy, lukmançylyk merkezi, dükanlar, FZU mekdebi we umumy bilim berýän mekdep bardy. Täze kärhananyň kuwwaty, iki çalşykda işlenen ýagdaýynda, bir gije-gündizde bir ýarym tonna pagtany gaýtadan işlemäge we 10 müň metr mata öndürmäge mümkinçilik berýärdi. Sarp edijilerde kärhananyň önümlerine uly isleg bardy. Öndürilen ýokary hilli nah matalaryň üçden iki bölegi respublikanyň daşyna iberilýärdi.

Şu ýerde taýýarlanan milli işçiler, soňlugy bilen, öz kärhanalarynda esasy işçiler boldular, köpüsi bolsa Türkmenistanda kärhana ýolbaşçylary, hökümet we jemgyýetçilik işgärleri derejesine ýetdi. Şularyň biri-de Ene Mälikgulyýewna Öwezowadyr.
Köp çagaly maşgalada dünýä inen Ene 1934-nji ýylda Aşgabadyň egirme-dokma fabriginde şägirt bolup işe başlady. Baryp-ha mekdep okuwçysyka, ol bu kärhana gatnap, şol ýerde işleýän ene-atasyna günortan naharyny getirerdi. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-syna geçilýän gije bolan güýçli ýer titremeden soň ol fabrigi täzeden gurmaga kömekleşdi. Zähmet ýolunyň iň başynda Ene ýekeje enjam bilen işleýärdi; soňlar ol bir wagtyň özünde 16 we 32 enjam bilen-de işledi. Ol her iş nobatynda 2500 metr mata öndürýärdi.
1941 – 1945-nji uruş ýyllarynda kärhana ýokary hünärli köp işçisini elden berdi. Aýal-erkek işçiler günläp fabrikden gidenokdylar. Şolaryň arasynda Ene Öwezowanyň ene-atasy-da bardy, soňra olar Türkmenistanyň at gazanan ýeňil senagat işgäri we Aşgabadyň hormatly raýaty boldular. Ol şol wagt 14 ýaşyndady we gaýtadan gurulýan fabrige gelip, ululara kömek edýärdi. Soňra ol şu ýerde dokmaçynyň şägirdi bolup işe girdi we bu ýerde üznüksiz elli ýyldan-da köp işledi.
Köp ýyl geçenden soň, ol öz işiniň ussady hökmünde zawodyň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy wezipesine saýlandy, 1986-njy ýylda bolsa önümçilik okuwynyň ýolbaşçysy boldy. E.Öwezowa birnäçe gezek Türkmenistanyň Ýokary Sowetine halk wekili edilip saýlandy. 1960-njy ýylda bolsa SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Karary bilen Ene Öwezowa dokma senagatynyň ösmegine goşan goşandy üçin Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen hormatly at berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa ol «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy.

Kombinatyň terbiýesi bilen ýetişen başga bir adam 1904-nji ýylda Mary etrabynyň Goňur obasynda doglan Batman Bakyýewdir. Ilkinjileriň biri bolup, Twerde dokmaçylygy öwrenenden soň, ol mehanik bolup işe başlady. Twerde Wagjanow adyndaky fabrikde okuwyny tamamlanyndan soň, B.Bakyýew kombinata gaýdyp baryp, işlemegini dowam etdirýär, ýöne indi ussanyň kömekçisi bolup. Ol uzak zähmet ýoluny geçmek bilen, adaty işçiden fabrigiň işjeňleriniň birine öwrülip, kärdeşler arkalaşygynyň başlygy wezipesine saýlanýar, soň bolsa dokma işçiler birleşiginiň sebit bölüminde tejribe toplamak üçin, Daşkende iberilýär.
Gaýdyp geleninden soň, ony kärdeşler arkalaşygy ugrundan işlemäge iberýärler. Şeýlelikde, 1932-nji ýyldan 1936-njy ýyla çenli B.Bakyýew Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär. Ondan soňky ýyllarda bu başarnykly we zehinli ýaş guramaçy dürli partiýa we sowet wezipelerinde zähmet çekip, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministriniň orunbasary derejesine çenli ösýär.
Ol birnäçe gezek respublikamyzyň Ýokary Sowetine halk wekili edilip saýlandy. Zähmet üstünlikleri üçin Batman Bakyýew «Zähmet gyzyl baýdak» ordeni, «Hormat nyşany» ordeni we «1-nji derejeli Watançylyk urşy» ordeni bilen sylaglandy. Batman Bakyýew pensiýa çykanda-da, işdeş ýoldaşlaryny hiç wagt ýatdan çykarmady we jemgyýetçilik ugrunda işjeň hyzmat etmegini dowam etdirdi.
Häzirki wagtda dokma senagaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde ol türkmen ykdysadyýetiniň depginli ösýän pudagyna öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurluşygy we bar bolan dokma kärhanalarynyň durkuny täzelemek üçin, iki milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýuldy. Häzirki wagtda bu pudakda ýetmişden gowrak kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma önümçiligi, tikin fabrikleri, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri we deridir ýüňi gaýtadan işleýän kärhanalar işleýär.
Daşary ýurt kompaniýalary we halkara maliýe guramalary bilen Türkmenistanyň dokma senagatynyň ýaýbaňlanyşyny we mundan beýläk-de ösüşini üpjün edýän uly göwrümli hyzmatdaşlyk üstünlikli dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, bu pudakdaky kärhanalary önümçilik we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, şeýle hem tebigy baýlyklarymyza esaslanýan innowasion önümçiligi döretmek üçin, pudaklaýyn uly maksatnama işlenip düzüldi.
Häzirki wagtda öndürilýän dokma önüminiň takmynan 80%-i GDA, Ýewropa, Aziýa we dünýäniň beýleki ýurtlaryna ugradylýar. Türkiýe, Russiýa, Hytaý, Gazagystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina we Gazagystan Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň esasy sarp edijileridir. Bu önümler dünýäniň 15 ýurduna iberilýär. Daşary ýurtlara 30-dan gowrak kärhana önüm iberýär.
Bu pudagyň ýurdumyzyň dokma toplumynyň emele gelen ýyllarynda bolşy ýaly, häzirem Türkmenistanyň ýeňil senagaty üçin milli işçileri taýýarlaýan ojak bolmagynda galýanlygy bellemäge mynasyp hakykatdyr.