Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň topary meşhur italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň döredijiligine ýüzlendi. Teatryň režissýory B.Hallyýew 1761-nji ýylda ussatlarça ýazylan «Koja dawasy» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýnuna başgaça «Koja sene-menesi» ýa-da «Kojadaky harçaňlaşma» hem diýilýär.
Ýordumy ýiti degişmelerden doly, öwüşginli, iki perdeli bu sahna oýny Wenesiýanyň golaýynda ýerleşýän Koja atly balykçylar şäheriniň ilatynyň gündelik durmuşyny we häsiýetlerini beýan edýär. Bu ýerde deňze çykan balykçylaryň aýallary, gelinlikleri we uýalary wagtlaryny erkeklere garaşmak bilen geçirýärler. Göräýmäge hemme zat adatdaky ýaly, ýöne adaty gižželeme we degişme, aýallaryň arasyndaky hemişelik bäsdeşlik bilen birlikde, bu gezek wakalaryň dartgynly ýaýbaňlanmagyna sebäp bolup, aşyk-magşugyň gatnaşyklaryna täsir edýär. Emma sahna oýny şatlykly tamamlanýar – ähli zat barlyşyk we söýginiň ýeňşi bilen bitýär.
– Teatrymyzyň işgärleri daşary ýurtly meşhur ýazyjylaryň tanymal eserleri esasynda köp sahna oýunlaryny sahnalaşdyrdy – diýip, teatryň režissýory Bekmyrat Hallyýew aýdýar.
– Dünýä edebiýatynyň iň gowy eserlerine ýüzlenmek bilen, biz parahatçylyk, dostluk we medeni hyzmatdaşlyk işine goşant goşmaga çalyşýarys. Täze sahna oýnunda D.Mädalyýew, N.Hydyrowa, H.Dowlyýew, D.Bekdurdyýew, M.Aristanowa, O.Şyhyýewa we beýleki sahna ussatlary keşpleri ýerine ýetirýärler. Ş.Şyhyýewa bolsa sahna bezeglerini ýerine ýetirýär. Sahna oýnunyň goýulmagyna F.Eminow-da işjeň gatnaşdy.