Ï Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

view-icon 894

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Katar Döwletiniň Ilçisi Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň ähmiýeti, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmegi dowam etmegiň zerurlygy aýratyn bellenildi.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini dowam etdirmäge bolan meýillerini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň aýratyn ornuny bellemek bilen, onuň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine pudagara derejesinde görülýän taýýarlyk işleri hem agzaldy.

Diplomatlar iki ýurduň hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi we onuň geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.