Ï Aşgabatda geçiriljek sergiler, konsertler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda geçiriljek sergiler, konsertler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

view-icon 1831
Aşgabatda geçiriljek sergiler, konsertler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

Ýurdumyzyň paýtagty we dolandyryş merkezleriniň medeni durmuşy dürli çärelere baý. Aşakda ýakyn geljek üçin meýilleşdirilýän käbir möhüm wakalar barada bildirişler berilýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan «Türkmenistan – sagdynlygyň mekany» atly sergi açyldy.

10-njy oktýabrda sagat 16:00-da Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde türkmen dilinde «Şetdaly agajynyň astynda» filmi görkeziler. Giriş üçin öňünden ýazylmalydygyny ýatladýarys.

14-nji oktýabrda sagat 18:30-da Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Tango ritminde» atly konsert bolar. Giriş tölegsizdir.

12-nji oktýabrda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Balkan welaýaty boýunça sapara başlar. Sapar Gyzylarbatdan başlanar, bu ýerde teatr «Ertekide myhmançylykda» sahna oýnuny görkezer we «Şatlyk deňzi» atly konsert berer. Soňra sahna ussatlary Balkanabat şäherine baryp, S.Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş ederler.

Şagalaňly tomaşalar, çagalar üçin ertekiler we drama oýunlary Hazar şäherçesinde hem görkeziler. Sapar 20-nji oktýabrda tamamlanar.

Paýtagtymyzyň teatrlary sizi nusgawy dramalardan we gülküli sahna oýunlaryndan başlap, sazly şowhunly tomaşalara çenli lezzet almaga çagyrýar.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:

11.10.2025: «Ynsap» – 19.00.

Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:

10.10.2025: «Mähriban dideler» –19:00;

11.10.2025: «Sabyr Ataýewa» – 19:00;

12.10.2025: «Gülki sowgady» – 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry:

10.10.2025: «Изобретательная влюблённая» – 19:00; 

11.10.2025: «Суперзаяц» 12:00;

11.10.2025: «Счастье туркмен» – 19:00;

12.10.2025: «Колобок» – 11:00; 13:00;

12.10.2025: «Шикарный мужчина» 19:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

11.10.2025: «Arşyn mal alan» – 19:00.

Türkmen döwlet gurjak teatry:

11.10.2025: «Bir towşanjyk bar eken» – 17:00;

11.10.2025: «Çagaly öý – bazar» – 19:00;

12.10.2025: «Çagalyk şäheri» – 12:00; 17:00;

12.10.2025: «Çagaly öý – bazar» – 19:00.