Ï Paýtagtymyzda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

view-icon 4916
Paýtagtymyzda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahata Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň taslama dolandyryjysy Leýla Hasanowa, Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Orazsähedow, şeýle hem ýurdumyzyň alymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar. Bulardan başga-da maslahata sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Moldowanyň alymlarydyr ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Mahmyt Kaşgarly Gündogar edebiýatynyň iň görnükli alymlarynyň biridir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Bu dilçi alymyň «Diwany lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») atly meşhur eseri häzirki döwürde dünýä ýüzünde çuňňur öwrenilýär. Dil hazynasynyň göwheri hasaplanýan «Diwany lugat at-türk» atly sözlügi düzmek ussadyň köp wagtyny alypdyr. Mahmyt Kaşgarly bu işi ýazmak üçin köp ýerlere syýahat edip, örän köp möçberde maglumat toplapdyr. Ol ýerlerde ýaşaýan halklaryň dillerini, gepleşiklerini düýpli öwrenipdir.

Bu ajaýyp eser türki halklaryň taryhynyň, edebiýatynyň we diliniň dürli meselelerini ylmy taýdan düýpli derňemek bilen, gündelik durmuşda ulanýan sözlerimiziň, nakyllardyr atalar sözüniň taryhy gelip çykyşyndan habar berýär. Biz bu eseri okamak arkaly öz ene dilimiziň, çeper edebiýatymyzyň taryhyny, olarda ýüze çykan özboluşlyklary, aýratynlyklary has-da içgin öwrenmek mümkinçiligine eýe bolýarys. Bu kitap türki halklaryň diliniň, edebiýatynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň gadymylygyny tassyklaýan ähmiýetli gollanma bolup, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş edarasynyň binasynda «Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygy» atly halkara konferensiýa geçirilipdi. Maslahat türki dünýäsiniň we dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynasy bolan türk diliniň ilkinji ensiklopedik sözlüginiň, ýagny Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» atly eseriniň 950 ýyllygyna, şeýle hem onuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegine bagyşlanypdy.

Gündogaryň ylmy ýyldyzy bolan Mahmyt Kaşgarlynyň bu ajaýyp eseri barada Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» kitaby özünde türki halklaryň taryhyny, medeni mirasyny, asyrlaryň jümmüşine uzaýan çuňňur köklerini jemleýän dünýä gymmatlyklarynyň iň nepis nusgalarynyň biridir» diýip, belläp geçýär. Mundan başga-da, meşhur dilçi alymyň bu eseri barada türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Hakyda göwheri», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplarynda bellenilip geçilýär.

Mahmyt Kaşgarly «Diwany lugat at-türk» atly eserinde her bir sözüň gadymky hem-de şol döwürde ulanylýan görnüşlerini, many aýratynlyklaryny jikme-jik derňäpdir. Ol, esasan hem oguz türkmenleriniň däp-dessurlaryna, ýaşaýyş şertlerine, halk döredijiligine aýratyn üns beripdir. Sözlükde beýleki halklaryň dil baýlyklary bilen bir hatarda, oguz türkmen sözleri, nakyllar, atalar sözi, goşgy bölekleri getirilipdir. Eserde 300-e ýakyn nakyl we şygyr bentleri peýdalanylypdyr. Şolaryň köpüsi öz wagtynda oguz türkmenleriniň arasynda meşhur bolan nakyllar we goşgy bentleridir. Bu nakyllar häzirki günlerde hem işjeň ulanylýar. Eserde getirilýän edebi ýazgylarda – nakyllarda, goşgy bentlerinde ata-baba türkmen halkyna mahsus bolan agzybirlik, myhmansöýerlik, ulyny sylamak, kiçiniň sarpasyny saklamak, hünär edinmek, halypany hormatlamak, il-güne ýagşylyk etmek baradaky pähim-paýhaslar öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň çykyşynda belleýşi ýaly, Mahmyt Kaşgarly – hormaty, sarpasy barha artýan şahsyýet, onuň «Diwany lugat at-türk» atly eseri bolsa ylym dünýäsiniň şöhle saçýan göwher gaşydyr.

Milli mirasymyzy goramakda, ylmy taýdan öwrenmekde, gaýtadan dikeltmekde we Ýer ýüzüne äşgär etmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähra Batyrowa,
Türkmen döwlet medeniýet instituty.