Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşdy

view-icon 2859

2025-nji ýylyň 13-16 oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdi Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Telekommunikasiýalary we sanly hökümeti düzgünleşdiriş edarasynyň (TDRA) çakylygy boýunça «GITEX Global 2025» halkara tehnologiýalar sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin Dubaý şäherinde saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Bu iri forum sanlylaşdyrmak, telekommunikasiýa, kiberhowpsuzlyk we maglumat dolandyryşy ugurlarynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Baş Döwlet pawilýonyny, şeýle hem TDRA we Digital Dubai edaralarynyň stendlerine, hem-de beýleki kompaniýalaryň sergilerine baryp gördüler hem-de sanly hyzmatlaryň iň täze çözgütleri bilen tanyşdylar.

15-nji oktýabrda wekiliýet Digital Dubai edarasynyň düzüm bölegi bolan Dubaý Maglumat we Statistika Edarasynyň (DDaSE) baş direktory Ýunus Al Nasser, şeýle hem Telekommunikasiýalary we Sanly Hökümeti Düzgünleşdiriş Edarasynyň (TDRA) baş direktory, inžener Majed Sultan Al Mesmar bilen resmi duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda maglumat dolandyryşy, sanly döwlet hyzmatlary, sanly tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk hem-de maglumat tehnologiýalary ugrunda hünärmenlerini taýýarlamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy Digital Dubai we TDRA edaralaryny 2025-nji ýylyň 12–14-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Turkmentel-2025» halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyryp, sanly hökümet, maglumat dolandyryşy we kiberhowpsuzlyk boýunça maslahatlaşmalary geçirmegi teklip etdi.

Emirlik tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady we anyk ugurlar boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «GITEX Global 2025» çäresine gatnaşmagy Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň sanly innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan bilelikdäki meýillerini ýene-de bir gezek tassyklady.