Ï Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýär

view-icon 1928
Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýär

Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýär. Bu barada Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.

20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy Owganystan ýurduna bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.