2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ministrler ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýetini hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň wajyplygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ulag, söwda, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özara gyzyklanma döredýän möhüm ugurlar hökmünde bellediler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar özara medeni çäreleri geçirmek arkaly bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.