Ï Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 2155
Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al-Zaýaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi.

Ministrler iki döwletiň arasynda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Taraplar şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.