Ï «OGT 2025» sergisi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge güýçli itergi berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«OGT 2025» sergisi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge güýçli itergi berdi

view-icon 2335
«OGT 2025» sergisi halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge güýçli itergi berdi

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT) atly 30-njy ýubileý halkara maslahaty we sergisi halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin hakyky giň gerimli we netijeli meýdança öwrüldi. Bu çäre 1400-den gowrak wekili we 100-den gowrak eksponent kompaniýany bir ýere jemläp, dünýäniň işewürler jemgyýetiniň Türkmenistanyň energetika bazaryna bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklady.

Oňa gatnaşan kompaniýalar – Türkmenistanyň bazarynda öňden bäri özüni tanadanlar hem, ilkinji gezek gatnaşýanlar hem uzak möhletli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny görkezip, öz hyzmatlaryny we iň täze işläp taýýarlamalaryny işjeň görkezdiler.

Öz sergi diwarlygynda «Agilent Technologies» kompaniýasynyň resmi wekili bolan «Seda» kompaniýasy «Agilent 8890» gaz hromatografynyň innowasion nusgasyny görkezdi. Gazy ýokary takyklykda seljermek üçin niýetlenen bu täze nesil işläp taýýarlamasy ähli amaly we anyklaýyş maglumatlary görkezmek üçin duýgur ekrana eýedir.

Mundan başga-da, hromatograf näsazlyklary özbaşdak ýüze çykarmaga we olary tiz wagtda düzetmegiň ýollaryny teklip etmäge ukyply öz-özüni barlamak funksiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. «Seda» kompaniýasynyň wekili Anastasiýa Kostina «Agilent 8890» nusgasyny tehnologik ösüşiň ýokary derejesini nygtap, «öz toparynda nusgalyk» diýip atlandyrdy. «Seda» kompaniýasy «Peak Scientific», «Merck», «Horiba», «Thermo Fisher» we «Sigma-Aldrich» ýaly belli brendleriň hem wekilidir. Bu bolsa hödürlenýän çözgütleriň gerimini giňeldýär.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda uzak möhletli gatnaşyklara gönükdirilen täze kompaniýalar tapawutlanýar. Şeýle kompaniýalaryň biri-de Birleşen Arap Emirliklerinden himiki serişdeleriň öňdebaryjy öndürijisi we üpjün edijisi bolan «Nurpex Chemical Industries FZE» kompaniýasydyr. Onuň önümleri nebit-himiýa, gazy gaýtadan işleýän we energetika pudaklarynda uly islege eýedir.

– Biziň Türkmenistandaky edaramyz eýýäm bir ýarym ýyl bäri işleýär. Esasy hyzmatdaşlyk döwlet kärhanalary bilen alnyp barylýar. Biz söwdany ahyrky sarp edijä gönükýäris we ähli önümlerimiziň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýändigine kepil geçýäris. «OGT 2025» sergisine gatnaşmak bu bazary senagat üçin täze gözýetimleri açýan innowasion serişdelerimiz bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikdir – diýip, kompaniýanyň Türkmenistandaky wekili Oraz Garaýew nygtady. 

Türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirip, sergide ilkinji gezek göni tikinli turbalary barlamak, işläp taýýarlamak, öndürmek we satmak boýunça ýöriteleşýän Hytaýyň «Hebei Huayang Steel Pipe Co., Ltd» kompaniýasy çykyş etdi.

Kompaniýanyň önümleri köpugurlylygy bilen tapawutlanýar we diňe bir magistral turba geçirijiler (nebiti, tebigy gazy, suwy, bugy daşamak) üçin däl, eýsem, köprüleriň we binalaryň gurluşygy üçin diregler bilen bir hatarda konstruksiýa polat önümlerini döretmek üçin hem ulanylýar. Kompaniýa eýýäm Özbegistan, Pakistan, Malaýziýa we birnäçe beýleki döwletler bilen üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

«OGT 2025» ýubileý sergisiniň netijeleri Türkmenistanyň maýa goýum taýdan barha artýan özüne çekijiligini görkezýär we ýurdumyzyň energetika pudagy bilen dünýä senagatynyň öňdebaryjylarynyň arasynda özara bähbitli, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin güýçli itergi bolup hyzmat edýär.