mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

09.10.2025

total-veiw

3715

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

2835

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitindäki çykyşy

Ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Emomali Şaripowiç Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu gezekki ikinji duşuşygynyň geçirilmegi, biziň pikirimizçe, şeýle formatdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasa geçýändigini görkezýär. Munuň özi kanunalaýykdyr. Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

3769

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisiniň L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde umumy sapak bilen çykyş etdi. Çärä dowamynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

3708

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda Sanweý Uniwersitetiniň akademik jemgyýetçiligi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisiniň gatnaşmagynda Sanweý Uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen hem-de daşary ýurtly talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

2944

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirosi Sasakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

2215

Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitine gatnaşýar

Duşenbede iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» ikinji Sammitiniň geçirilýän ýeri – Kabul edişlikler köşgüne bardy. 

news-photo

09.10.2025

total-veiw

3968

Türkmenistan Hazar boýundaky ulag-logistika infrastrukturasyny we senagat binýadyny pugtalandyrýar

8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow her ýyl 3-nji noýabrda bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli görülýän taýýarlyklar barada hormatly Prezidentimize hasabat berdi.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

3361

Çarymyrat Ýazmyradow: Reňklerdäki poeziýam

Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda halypa suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaşynyň dolmagy mynasybetli eserleriniň sergisi açyldy.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

2737

Aşgabatda geçiriljek sergiler, konsertler we teatrlarda görkeziljek sahna oýunlar

Ýurdumyzyň paýtagty we dolandyryş merkezleriniň medeni durmuşy dürli çärelere baý.

news-photo

09.10.2025

total-veiw

2889

Türkmen döwlet maliýe instituty ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirer

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň milli puly – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça VII olimpiadany geçirer.

...3150