27.08.2026
4054
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen, pajygaly netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
27.08.2026
3772
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitlerinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.
27.08.2026
3950
DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
27.08.2026
4401
Ali Geldiýew «Roland Garros Junior Series» saýlama ýaryşynda iň güýçli alty türgeniň hataryna girdi
14 ýaşly türkmen tennisçisi Ali Geldiýew halkara meýdançasynda uly üstünlik gazandy.
27.08.2026
5156
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar
Her ýyl 14-nji sentýabrda bellenilýän Milli hindi diliniň güni (Hindi Diwas) mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy döredijilik bäsleşikleriniň tapgyryny geçirýär. Bäsleşikler 10-njy sentýabrda geçiriler. Çäre üç ugur boýunça guralar:
27.08.2026
5489
«Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly kitap neşir edildi
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Paryzdepe – müňýyllyklaryň mirasy» atly täze kitap neşir edildi.
27.08.2026
3919
Aşgabatdaky täze Stomatologiýa merkeziniň implantologiýa bölümi emeli aň esasly 3D skaner ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda bolan täze Stomatologiýa merkezine baryp görmeginiň dowamynda implantologiýa bölüminiň we diş tehnikleriniň barlaghanasynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
27.08.2026
3851
Aşgabatdaky täze Stomatologiýa merkezinde tiz anyklaýyş üçin emeli aň tehnologiýasy ulanylar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy hem-de näsaglara hyzmat etmekde merkeziň sanly mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy tabşyrdy.
27.08.2026
4201
Aşgabatda stomatologik hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýän özboluşly merkez ulanmaga taýýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynyň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy.
27.08.2026
3656
Türkmenistanyň Ilçisiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.B. Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkeziniň direktory H.Usmonzoda bilen duşuşygy geçirildi.