15.04.2023
7099
«Köpetdag» Türkmenistanyň futbol boýunça 31-nji çempionatyna ýeňiş bilen girişdi
Türkmenistanyň futbol boýunça 31-nji çempionaty paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň Türkmenbaşynyň «Şagadamyndan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy bilen başlandy. Köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen duşuşyga iki müňden gowrak futbol söýüjiler tomaşa etdiler.
15.04.2023
4808
Samarkantda “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynyň 6-njy ministrler duşuşygy geçdi
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
15.04.2023
4975
«Komatsu» kysymly täze tehnikalar gelip gowuşdy
Ýaňy-ýakynda «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigine Ýaponiýada öndürilýän dünýä belli «Komatsu» kysymly ekskowatorlaryň hem-de buldozerleriň hersinden 6 sanysy gelip gowuşdy.
14.04.2023
21664
Enä tagzym — mukaddeslige tagzym
Şu gün paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.
14.04.2023
8552
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimine berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, etrabyň çäginde alnyp barylýan arassaçylyk, abadanlaşdyryş hem-de gurluşyk işlerinde kemçiliklere ýol berip, özüne ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Aramow Abdymuhammet Begmyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
14.04.2023
4721
Aşgabatda media giňişliginiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly «tegelek stol» geçirildi.
14.04.2023
5864
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Banyň ussahanasy dörediler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda Lu Ban ussahanasynyň döredilmegi ara alyp maslahatlaşyldy.
13.04.2023
3914
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
13.04.2023
8909
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza baýramyny bellemek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
13.04.2023
3208
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar
Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly Size we Siziň maşgalaňyza çuňňur gynanç hem-de duýgudaşlyk bildirýärin.