22.03.2023
7445
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdiren atçylyk sungatyny mundan beýläk hem ösdürmek, halk seçgisi esasynda döredilen, ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.03.2023
9928
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
22.03.2023
7622
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndy topary täze baş tälimçiniň ýolbaşçylygynda Malaýziýada ilkinji oýnuny oýnar
Türkmenistanyň futbol milli ýygyndysy Malaýziýa ugrady, futbolçylarymyz 23-nji martda 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çäklerinde bu ýurduň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
22.03.2023
7399
Türkmenistanyň Kanuny Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda
1983-nji ýylyň 14-nji iýunynda Brýussel şäherinde kabul edilen we 1986-njy ýylyň 24-nji iýunynda Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmaly.
22.03.2023
12202
Türkmenistanyň Kanuny «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda
1. 2008-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda, № 4, 134-nji madda) 22-nji maddasynyň birinji böleginiň 22-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
22.03.2023
8413
Türkmenistanyň Kanuny «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetme girizmek hakynda
I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 97-nji madda; 2019 ý. № 2, 36-njy madda) şu goşmaçalary we üýtgetmäni girizmeli:
22.03.2023
10949
Türkmenistanyň Kanuny «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda
I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-njy madda; 2014 ý., № 2, 84-nji madda, № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 3, 110-njy madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda, № 4, 147-nji we 168-nji maddalar; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 153-nji madda) 8-nji maddasyna şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:
21.03.2023
7206
Dostluk we ynanyşmak syýasaty — ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň kepili
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
21.03.2023
3573
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.
21.03.2023
16292
Milli bahar baýramy mynasybetli ählihalk dabaralary
Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.