28.02.2023
8674
Türkmen tennisçi gyzlar ýetginjekleriň (U-16) arasynda Billi Jin Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşa saýlama oýunlarda bürünç medal gazandylar
Türkmen tennisçi gyzlar ýaşy 16-a çenli ýetginjekleriň (U-16) arasynda Billi Jin Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşa Aziýa/Okeaniýa saýlama zolagyndan Kolomboda geçirilen saýlama oýunlarda bürünç medala mynasyp boldular.
27.02.2023
5004
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
27.02.2023
4735
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýokary baha berip, Türkmenistan bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär we ony daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
27.02.2023
4315
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Haýro Dawid Estrada Barriosdan ynanç hatyny kabul etdi.
27.02.2023
7700
Türkmenistanly türgenler «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň topary Kemerowo şäherindäki «Kuzbass» buzly köşgünde geçirilen «Aziýanyň çagalary» II gyşky halkara sport oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
27.02.2023
6706
Türkmenistana ýaz maýylganlygy aralaşýar
Şu hepde ýurdumyzda maýyl we güneşli howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa ortaça +27 gradusa çenli maýlar. Şonda-da sebitleriň käbirinde bahar ýagyşlarynyň ýagmagy mümkin.
27.02.2023
5617
Nebit we tekstil önümleri daşary ýurtly alyjylarda gyzyklanma döredýär
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
27.02.2023
5201
Nusgawy sazy söýüjiler üçin Berliozyň, Debýussiniň we Dworžakyň eserleri ýaňlandy
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň başlangyjy, şeýle hem ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardamy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gruziýadan gelen italiýaly kompozitor we dirižýor Klaudio Wandelliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti boldy.
27.02.2023
9013
Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlaryndan konsert
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti, «Zähmet gyzyl baýdagy», «Halklaryň dostlugy», «Hormat Nyşany», III derejeli «Altyn Asyr» ordenleriniň eýesi, türkmen we Ýewropa operalarynyň 13 partiýasyny ýerine ýetiren Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan konsert berildi.
27.02.2023
8776
«Çeper» tikin fabrigi öndürilýän daşky geýimleriň görnüş sanyny atdyrdy
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri bu ýerde öndürilýän daşky geýimleriň görnüş sanyny atdyrdy.