30.11.2022
3707
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine HHR-iň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
30.11.2022
4497
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi.
30.11.2022
3336
“Açyk gapylar” syýasatyna eýerip
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
30.11.2022
6223
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi
Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
30.11.2022
5644
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
30.11.2022
7813
Türgenlerimiz Hindistanda geçirilýän kuraş boýunça dünýä çempionatynda ýene iki medal gazandylar
Hindistanyň Puna şäherinde geçirilýän kuraş boýunça 13-nji dünýä çempionatynda türkmenistanly zenan türgenleri ýene iki medal gazandylar.
30.11.2022
13516
Türkmenistanyň mekdepleriniň uçurymlarynyň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar
Ýurdumyzyň mekdepleriniň okuwy tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildiren uçurymlaryň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine hukugy bar.
30.11.2022
7792
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 23-nji tapgyry Maryda, Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde üç duşuşyk bilen başlandy.
30.11.2022
8140
«Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we «Diýar» žurnaly «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.
29.11.2022
5923
Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.