10.11.2026
2698
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.
10.11.2026
2394
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Izmir şäherinde ýerleşýän zawodda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.
10.11.2026
2234
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.
10.11.2026
1787
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
10.11.2026
1753
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
10.11.2026
2918
Türkmen mugallymlary hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça okuwlara gatnaşdylar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Britan Geňeşiniň (British Council) Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäginde hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar.
10.11.2026
1920
Ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda elektrotehnika boýunça olimpiada geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny elektrotehnika dersi boýunça geçiriljek olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.
10.11.2026
1635
Aşgabatda Özbek diliniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Özbek diliniň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.
10.11.2026
3726
Daşoguz welaýatynyň bazarlary bakja önümlerine baýdyr
Şu günlerde Daşoguz welaýatynyň bazarlaryna köp mukdarda garpyz, gawun we kädi getirilýär.
10.11.2026
2103
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.