24.03.2022
7917
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
24.03.2022
26810
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
24.03.2022
30923
Atageldi Garýagdyýew doglan gününi sahnada belledi
Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň professory Atageldi Garýagdyýew 70 ýaşyny «Dostlaryma» atly ýatdan çykmajak konserti bilen belledi.
24.03.2022
6829
Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatynda türkmen hokkeýçileriniň oýunlarynyň täze tertipnamasy tassyklandy
Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) 2022-nji ýylyň 3 – 8-nji aprelinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Lýuksemburgda geçiriljek “A” toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionaty üçin oýunlaryň täze tertipnamasyny tassyklady.
24.03.2022
11729
Maglumatlaryň elýeterlik merkezi: sanly ulgama geçmek wezipelerini çözmekde täze ädim
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň düzüminde paýtagymyzyň Maglumatlaryň elýeterlik merkezi döredildi. Ol Türkmensitanyň Milli bilim institutynyň çäginde ýerleşýän Innowasion-maglumatlar merkeziniň binýadynda döredildi.
24.03.2022
7928
Muzeýiň gymmatlyklary artýar
«Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Daşmetjit medresesiniň gadymy jaýyndaky halk senetleri muzeýiniň gorunyň üstüni ýetirmäge ýerli ilat işjeň gatnaşýar. Ýerli ilatyň muzeýe peşgeş beren soňky arheologik tapyndylarynyň arasynda degirmen we simap saklamak üçin gaplar bar.
24.03.2022
5843
HK «Türkmen ýyldyzy» elektrik geçiriji simleriň önümçiligini ýola goýdy
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşleri, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, berkarar Watanymyzyň çar künjeginde dürli desgalaryň we binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda sarp edilýän elektrik energiýasynyň möçberi barha artýar, şonuň bilen birlikde elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň sarp edilişi hem ýokarlanýar.
23.03.2022
5723
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwa, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana, şeýle hem ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.03.2022
5674
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Kuba Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.03.2022
5740
Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine girişdiler.