«Könürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Daşmetjit medresesiniň gadymy jaýyndaky halk senetleri muzeýiniň gorunyň üstüni ýetirmäge ýerli ilat işjeň gatnaşýar. Ýerli ilatyň muzeýe peşgeş beren soňky arheologik tapyndylarynyň arasynda degirmen we simap saklamak üçin gaplar bar. Hünärmenleriň deslapky çaklamasyna görä, olar orta asyrlara degişlidir. Degirmen muzeýe berilýänçä bir maşgalada saklanan bolsa, gadym döwürlerde lukmançylykda we zergärlikde simap saklamak üçin ulanylan gaby etrabyň daýhan birleşikleriniň birinde ýaşaýan zenan atyzda işläp ýörkä tapypdyr.
Häzirki wagtda halk senetleri muzeýiniň gorunda dürli eksponatlaryň ýedi müňden gowragy bar. Olaryň iň gadymylary miladydan öňki V-IV asyrlara degişlidir. Bu ýerde türkmenleriň çeper döredijilk we ýörgünli senetçilik önümçiligine degişli üýtgeşik etnografik materiallar bar. Özi-de, esasan orta asyrlara degişli küýzegärçiliik önümleriniň bölekleri, dürli iş gurallarynyň demir bölekleri, ysyrgalar, ýazgyly ýüzükler, möhür galyndylary we beýleki zatlary goraghananyň işgärleri Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerine iş saparlarynda ýygnadylar ýa-da olary sebitiň ilaty muzeýe peşgeş berdi.
Halyçyalryň, keşdeçileriň, zergärleriň, demirçi ussalaryň, agaç ussalarynyň, teletinçileriň senetçilik ussahanalarynyň görnüşi döredilen hüjreler bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Özboluşly taryhy gymmatglyklaryň arasynda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň nepis el haly portretiniň bardygyny hem aýtmak gerek.